SÖHBETDEŞLIK

Leýli Ökdirowa :Ýyldyza öwrülen zehin

Türkmen estradasynda özboluşly däbe öwrülen “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly döredijilik bäsleşigi ýylyň dowamynda halkyň söýgüsini gazanan ýaş estrada aýdymçylarymyzyň zehinlisinden zehinlisini saýlaýar. Tamamlanyp barýan ýylda bu ada Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň aýdymçysy Leýli Ökdirowa mynasyp boldy. Heniz ýaşdygyna garamazdan, esasan, opera aýdymlaryny ýerine ýetirmekde ussatlyga ýetişen Leýli özboluşly, mahmal owaza ýugrulan ajaýyp aýdymlary bilen diňleýjileriň ýüregine ýol salmagy başaryp, halypalaryň özüne bildirýän ynamyny gazanyp gelýär. Leýlini Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda gazanan üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, onuň bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty üçin söhbetdeş bolduk:

 — Leýli, baýragyňyzam, baýramyňyzam gutly bolsun! «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2020» bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edileniňizde, başyňyzdan geçiren buýsançly pursatlaryňyzy okyjylarymyz bilen paýlaşaýsaňyz!

— Sag boluň! Siziňem baýramyňyz gutly bolsun! “Parlak ýyldyzy” diýlip, yglan edilen günüm durmuş kitabyma iň bir ýatdan çykmajak, bagtly günleriň biri bolup ýazyldy. Sebäbi bu bäsleşige gatnaşýan ýaş estrada aýdymçylarynyň zehini biri-biriniňkiden zyýada. Olardan ýeňijini saýlamak aýdymlarymyza ses beren diňleýjilerimize-de aňsat düşen däldir. Täze ýylyň öňüsyrasynda döredijiligime berlen bu ýokary baha maňa ajaýyp toý sowgady boldy. Bu bolsa meni täze-täze aýdymlary döretmäge borçlandyrýar.

 — Aýdym-sazy söýmeýän ynsan, megerem, ýokdur. Ýöne bu sungaty ykbalyňa öwürmek üçin, özboluşly zehin hem yhlas gerek. Siziň aýdym-saz sungatyna gelmegiňizde maşgalaňyzyň täsiri uludyr.

— “Owal akan ýerden akarmyş aryk” diýlişi ýaly, maşgalamyzyň aňyrsy sungat bilen ykbalyny baglan adamlar. Türkmen aýdym-saz sungatynda özboluşly yz galdyran Türkmenistanyň halk bagşysy Döwletgeldi Ökdirow atamyň agasy. Onuň halkymyzyň söýgüsini gazanan “Pyragyny gören daglar”, “Apat”, “Maral”, “Gözel Sumbaryň nary”, “Bibijan”, “Zülpüň” ýaly hoş owazly aýdymlaryny köpümiz ýatdan bilýäris. Ol aýdymlar häzirki günlerimize çenli toý-baýramlarymyzy bezäp gelýär. Atam Alyhan Ökdirow hem sazanda. Ol 22 sazyň awtory. Atamyň agasynyň sungatyna bagyşlanan birnäçe kitaplary, aýdym üçin ýazan goşgulary bar. Ol häzirki wagtda Türkmen döwlet binägärlik we gurluşyk institutynyň dosenti bolup zähmet çekýär. Onuň öz ugrundan ýazan kitaplary boýunça, ýagny fizika-matematika hünärinden bu ýokary okuw mekdebinde talyplara sapak geçýärler. Käriniň sungat bilen baglanyşygynyň ýokdugyna garamazdan, atamyň aýdym-saza söýgisi çäksiz. Şol söýgi meniň hem çagalykdan ýüregime ornapdyr. Ejem-kakam kiçiligimden sazy diňlemek, heňi duýmak ukybymyň ýiti bolandygyny gürrüň berýärler. Garaz, sazanda gerek esasy aýratynlyklaryň bardygyny duýan maşgalam meni Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň skripka bölümine okuwa berýär. Atamyň kakasy ogullary Döwletgeldä hem-de Alyhana kiçilikden dutar çalyp, aýdym aýtmagy öwrenmegi ýüregine guýupdyr. Döwletgeldi Ökdirow Aşgabada ýokary okuw jaýynda bilim almaga gaýdanda bu ýerde köpçülikleýin horuň öňünde ilkinji gezek solist bolup çykyş etmegi tabşyrýarlar. Ol Nazar Gullaýewiň “Toý aýdymyny” ýerine ýetirýär. Şol ilkinji çykyşynyň täsiri köpleriň ýadynda galyp, soňlugy bilen radioda yzygiderli özbaşdak aýdymlary ýerine ýetirip ugraýar. Şeýdip, ýurdumyza belli bagşy bolup ýetişýär.

 — Siziň sungatyňyza dolanyp gelsek. Skripka hünärinden 11 ýyllap bilim almagyňyz häzirki wagtda ony dowam etmeseňiz hem opera aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirmegiňize täsiri bolandyr!

— Elbetde, skripka çalmagy öwrenmek beýleki saz gurallaryndan düýpli tapawutlanýar. Skripkany arassa çalmak gaty kyn. Onuň üçin arassa hiňlenmegem gerek. Bu ugurdan kiçiligimden sapak almagym häzir skripkaçy bolmasam-da, ýokary notalardan aýdym aýdyp, opera aýdymçysy bolup ýetişmegimde täsiri örän uly boldy. Munuň üçin skripka çalmagyň inçe tärlerini öwreden halypa mugallymym, Türkmenistanyň halk artsiti Garold Neýmarka minnetdar. Ol diňe skripkada däl, aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlaryndan köp maslahatlary berdi.

 — Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde ilkinji ýerine ýetiren aýdymyňyzy ýatlaýsaňyz!

— Skripka hünärinden okanam bolsam, çagalykdan bäri aýdym aýdýaryn. Ilkinji çykyşyma 2007-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti Roza Töräýewa sebäp boldy. Ol skripkaçylar bilen ýekelikde çykyş etmäge aýdymçy saýlamak üçin internata gelip, sesimizi barlap gördi. Meniň aýdym aýdyşym onuň göwnünden turup, çykyşa taýýarlap başlady. Hormatly Prezidentimiziň wezipesine girişmegi mynasybetli geçirilen döwlet konsertinde ilkinji gezek üç dilde — türkmen, italýan, fransuz dillerinde “Mukam” skripkaçylar ansamblynyň sazandarlyk etmeginde çykyş etdim. Ilkinji çykyşymyň bagtyýar pursatlary şu günki ýaly ýadymda. Şol günden başlap Roza Töräýewa meni aýdymyň dünýäsine içgin aralaşdyrdy.

 — Ilkinji çykyşyňyz bagtly pursatlardan başlapdyr. “Parlak ýyldyza” çenli ýollarda sungatyňyza şeýle bagtyýar pursatlaryň ençemesi miýesser edendir. Olar dogrusynda, şeýle-de mundan soňra öňüňizde goýýan maksatlaryňyzy bilmek okyjylar üçin hasam ýakymly.

— 2008-nji ýylda mekdep-internatyny tamamlap, ýörite çakylyk bilen döwlet tarapyndan Ukrainanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky milli sazçylyk akademiýasynyň opera-wokal aýdymçysy hünärinden bilim almaga gitdim.  Ol ýerde 4 ýyl okadym. Akademiýada Ukrainanyň Gahrymany, Ukrainanyň halk artisti, professor D.I. Petrinenkodan ýekelikde aýdym aýtmak hünärinden tälim aldym. Ikinji ýyl talypkam meni Lwowyň Solomiýa Kruşelniskaýa adyndaky milli akademiki opera we balet teatrynda opera aýdymçylarynyň arasynda geçirilen “Solomiýa Kruşelniskaýa” adyndaky halkara bäsleşige ugratdylar. Men bu bäsleşikde Türkmenistanyň wekili hökmünde Italiýadan, Germaniýadan, Azerbaýjandan, Ukrainadan gelen aýdymçylar bilen bir sahnada çykyş etdim. Men bäsleşige gatnaşanlaryň arasynda iň ýaşydym. Muňa garamazdan, altyn medala mynasyp bolmagym meni kämillige tarap ruhlandyryp, talyplyk döwrümiň ýatdan çykmajak, ajaýyp wakasyna öwrüldi. Akademiýany tapawutlanan diplom bilen tamamlap, Moskwanyň K.S.Stanislawskiý we W.I.Nemirowiç-Dançenko adyndaky opera we balet, sazly teatrynyň solistyndan bir ýyllyk goşmaça tejribe sapak almaga gitdim. Şol ýerde birnäçe operalardan ariýalary, romanslary sesiň üstünde işläp, türgenleşdirmegi öwrendim. 2013-nji ýylda okuwymy tamamlap, ata Watanymyza geldim. Häzirki wagta çenli-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde zähmet çekip gelýärin. Halypalar bilen bir sungat ojagynda zähmet çekmek, döwlet derejesindäki konsertlerde bir sahnalarda çykyş etmek biz — ýaşlar üçin uly bagt. Sebäbi zähmetiňe, zehiniňe belent sarpa goýulýan ýurtda ýaşaýarys. Biz — aýdymçylara diňe bagtyýar ýurdumyzy ajaýyp aýdymlarda, täze eserlerde wasp edäýmek galýar.

— 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagym meni hasam joşdurdy.  Aziada — 2017-niň ýapylyş dabarasynda suw perisiniň keşbinde çykyş etdim. Bu çykyşym mende uly täsir galdyrdy. Bu günki günde “Parlak ýyldyz” bolmak bagty miýesser etdi. Nesip bolsa, mundan beýläk-de milli aýdym-saz, opera sungatymyzyň dünýä ýaýylmagyna täze eserlerim bilen mynasyp goşant goşmagy maksat edinýärin.

Aýdym-saz sungatynda özüňi kämilleşdirmekde halypalaryňyzyň beren maslahatlary, olar bilen bilelikde eden çykyşlaryňyz dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

 — Halypam Roza Töräýewa ilkinji nobatda türkmen kompozitorlarynyň aýdymlaryny, ondan soňra daşary ýurt nusgawy eserlerini ýerine ýetirmelidigimizi aýdardy. Galyberse-de, çykyşa özüňi nähili taýýarlamalydygyny, sahnany sylamalydygyny maslahat bererdi. Halypalar sesiňi aýamagyň käbir inçe tilsimlerini, meselem, irden sagat on birden öň aýdym aýtmaly däldigini nygtardylar.

Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň aýdymlaryma ýokary baha berip, geljekde opera sungatynda üstünlikleri arzuw etmegi meni hasam ruhlandyrýar. Atageldi halypa bilen bir sahnada bilelikde çykyş etmek arzuwymdy. Ol arzuwym hem hasyl boldy. Onuň bilen köp konsertlerde bilelikde çykyş etdik. Ýakynda-da “Ýaşlyk” teleýaýlymynda “Şirin Owaz” atly gepleşikde halypa bilen bilelikde Nury Halmämmedowyň “Türkmen sährasy” atly aýdymyny orkestriň dirižýorlyk etmeginde ýerine ýetirdik. Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň ýerine ýetiren aýdymyny bu günki günde Atageldi halypanyň maňa ynanmagy meni gaty begendirdi hem tolgundyrdy.

Galyberse-de, halypalar bilen ýurdumyzyň Russiýa, Germaniýa, Italiýa, Belgiýa, Gazagystan, Ermenistan ýaly birnäçe daşary döwletlerde geçirilen Medeniýet günlerine gatnaşyp, bir sahnada çykyş etmek miýesser etdi.

 — Siz repertuaryňyzyň aglabasyny türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň döreden nusgawy eserleri tutýar. Olaryň üstüni döwrebap aýdymlaryňyz ýetirýändir!

Men, esasan, ussat kompozitorlarymyzyň döreden aýdymlaryny täzeçe öwüşginde işläp, diňleýjilere ýetirýärin. Nury Halmämmedowyň “Aýgytly ädim” kinofilminden Aýnanyň aýdymyny, “Uçuň durnalar!”, Medeniýet Şahberdiýewa bagyşlap döreden “Durnalar” romanslaryny ýerine ýetirdim. Şeýle-de, ussat kompozitoryň esasy eserleriniň biri Hirosimy we Nagasakidaky bolan betbagtçylyga bagyşlanan aýdymlar toplumyny simfoniki orkestriň dirižýorlyk etmeginde ýerine ýetirdim. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Öwezowyň sazyna “Kemine we kazy” operasyndan Ogulbeg bilen Daňataryň, Türkmenistanyň halk artisti Weli Muhadowyň sazyna “Ganly saka” operasyndan Aýlar bilen Daňataryň aýdyşyklaryny, şeýle-de “Güýz”, “Nirede sen?!”, Hydyr Allanurowyň sazyna, Gara Seýitliýewiň sözlerine “Şat Watanymyň aşygy” atly aýdymlary täzeçe, döwrebap öwüşginde halkymyza ýetirdim.

Daşary ýurduň nusgawy eserleriniň birnäçesini, rus kompozitorlary P.I.Çaýkowskiýniň, S.Rahmaninowyň, N.Rimskiý-Korsakowyň, italýan kompozitarlary J.Puççiniň, J.Werdiniň, W.Kýaranyň eserlerini, romanslaryny diňleýjilere ýetirip gelýärin. Men, esasan, estrada hem-de akademiki wokallarda aýdýaryn.

Döwrebap aýdymlarymy Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň,  ýaş şahyrlar Gülşirin hanowanyň, Döwlet Baýramowyň, Aman Rozyýewiň, Kerim Hallyýewiň sözlerine, kompozitorlardan Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň, onuň ogly Mergen Hydyrowyň, Rejep Rejepowyň, Omar Igamowyň sazlaryna işleýärin. G.Şagulyýewanyň goşgusyna, O.Igamowyň sazyna “Watan”, A.Rozyýewiň sözlerine “Nusaý perisi”, D.Baýramowyň sözlerine, M.Hydyrowyň sazyna “Sagbol Arkadag!”, K.Hallyýewiň sözlerine “Suw perisi” atly aýdymlary diňleýjilere ýetirdim. “Sagbol, Arkadag!”, “Nusaý perisi” atly aýdymlary “Parlak ýyldyz” bäsleşiginde hem ýerine ýetirdim. Olary şu ýylda “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan şekile geçirdik.

Şu günlerde işleýän aýdymym Hydyr Allanurowyň sazyna, Gara Seýitliýewiň sözlerine “Bilbil” atly aýdym. Halypalaryň ýerine ýetiren bu aýdymy uly jogapkärçiligi talap edýändigi üçin, uzak wagtdan bäri onuň üstünde işleýäris.

Nesip bolsa, bu aýdyma ýakyn günlerde diňleýjiler baha bererler.

 — Siziň italýan aýdymlaryny ýerine ýetirişiňize ýygy-ýygydan duşýarys. “Parlak ýyldyz” bäsleşiginde hem ikinji ýerine ýetiren sazsyz aýdymyňyz italýan aýdymy. Diýmek, siz italýan eserlerini diňlemegi gowy görýän bolmaly!

— Köplenç Italýan edebiýaty, aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanamsoň bu dildäki aýdymlary ýerine ýetirmäge islegim uly. W.Juzeppeniň “Men Toskanini bilen aýdym aýtdym” atly kitabyny, italýan kompozitory, skripkaçy N.Paganini hakyndaky kitaplary köp okadym. Galyberse-de, daşary ýurt sungat ussatlarynyň ömri we döredijiligi, eserleri barada gyzyklanýaryn. Russiýanyň opera aýdymçylary Anna Netrebkonyň, Marian Kowalyň,  italýan opera aýdymçysy Luçano Pawarottiniň aýdymlaryny diňleýärin.

Leýli, aýdymçylaryň köpüsiniň ilkinji diňleýjisi maşgalasy bolýar. Bu sizde-de şeýlemi?

— Maşgalamyzda, aýratynam, jigim Döwletmämmet çagalykdan aýdym-sazyň içinde ulalansoň, ilkinji diňleýjim, hem maslahatçym. Ol Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatyny tamamlady. Ol ýerde Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýolaman Saryýewden goboý hünärinden bilim aldy. Häzirki wagtda-da Konserwatoriýanyň orkestr dirižýorlygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby. Bir aýdym döretjek bolsam ilki  Döwlet bilen maslahatlaşýaryn. Onuň özi hem aýdym aýdansoň, aýdymlaryň üstünde köplenç bile işleýäris. Ol aýdymlaryma pikirlerini, maslahatlaryny aýdýar.

Haýsy aýdymyňyz has şowly çykdy diýip hasaplaýarsyňyz?

— “Nusaý perisi” atly aýdymym maňa has meşhurlyk getirdi.

 — Başga käri saýlan bolsaňyz, haýsy käri saýlardyňyz?

 — Ýene-de sungaty saýlardym. Suratkeş bolardym. Sebäbi men tebigata gezelenç etmegi, onuň gözelliklerinden ylham almagy halaýaryn.

Üstünlige ýetmekde esasy ýörelgäňiz?

 Edýän işimi gowy ýerine ýetirmek.

— Täze ýylda ýakynlaryňyza näme sowgat bermegi hem-de saçagy nähili bezemegi halaýarsyňyz?

— Atyr sowgat bermegi halaýaryn. Tagamlar bilen birlikde dürli işdäaçarlary taýýarlamagy gowy görýärin. Nesip bolsa, Täze ýyl saçagymyza hem işdäaçarlaryň dürli görnüşlerini taýýarlaryn.

 — Leýli, biz sizi ýene bir ýola “Ýylyň parlak — 2020” baýragyňyz, şeýle-de Täze ýyl baýramyňyz bilen tüýs ýüregimizden gutlaýarys. Ajaýyp aýdymlaryňyz toýlarymyzyň bezegi bolup, belentden-belent ýaňlansyn. Täze ýylda-da täze üstünlikleriňiz dogrusynda döredijilik söhbetdeşliklerini etmek nesip etsin! Täze ýylyňyz düşümli bolsun!

— Sag boluň! Aýdanyňyz gelsin! Size-de söhbetdeşlik üçin minnetdarlygymy bildirýärin. Durmuşyma ýatdan çykmajak ajaýyp üstünlik getiren 2020-nji ýyl ýaly, bosagamyzda duran Täze — 2021-nji ýylyň hem bagtyýar pursatlary bolluk bilen eçiljekdigine ynanýaryn. Goý, täze ýyl her bir ojaga rysgal-döwlet, bagt bolup gelsin! Biz ýaşlara sungatymyzy, zehinimizi dünýä ýaýmaga ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, alyp barýan işleri rowaç alsyn! Baýramyňyz gutly bolsun!

Doglan wagty we ýeri: 1990-njy ýylyň 26-njy fewraly, Aşgabat

Okan mekdebi: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy-            

synyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internaty

Ilkinji şekilli aýdymy: “Türkmen halysy”

Iň soňky aýdymy: “Sagbol Arkadag!”

Iň täze aýdymy: “Bilbil”

Gowy görýän reňki: ýagty, açyk reňkler

  Söhbetdeş bolan Aýjemal Gaýlyýewa,

 Magtymguly adyndaky TDU-nyň

türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Beýleki Söhbetdeşliklerimiz:

Azat Dönmezow: Ýyldyzyň ýürek owazy

 

Han Pälwanow: Aýdymym göwün şadym

Merdan Handurdyýew: Teatr jadyly dünýä

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

 

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

 

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

Jemi 43 baýrak: Bäsleşigiň ýeňijileri belli boldy

Ýakymly ýatlama: Žurnalymyz BMG Resmi Twitter hasabynda

Türkiýede bilim almak üçin – “Atavatan Danışmanlık LTD”

Makul Sözlük: Akylly Sözlük

Mälim bolşy ýaly ýaňy ýakynda saýtymyz tarapyndan taýýarlanylan Türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji Türkmençe-Iňlisçe sözlük –Makul Sözlük hyzmata girdi. Siz täze sözlük bilen tanyşmak üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Internet ulgamynda www.makulsozluk.com domaini bilen hereket edýän sanly we sesli Akylly sözlük taslamasy bilen tanşyň!

 

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym