BIZNES

Kükürtli, Kerpiçli we Demirgazyk Balguýy gaz känlerinde göçme gysyjy beketleri gurnalar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow  düýn geçirilen  Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde “Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” amala aşyrmak, uglewodorod çig malynyň çykarylýan mukdaryny artdyrmak, pudagyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we tehniki taýdan enjamlaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimize “Lebapgazçykaryş” müdirligine degişli Kükürtli, Kerpiçli we Demirgazyk Balguýy gaz känlerinde gaz kondensatyna baý guýularda önümi doly çykaryp almak üçin göçme gysyjy beketleri gurnamak maksady bilen geçirilen halkara bäsleşiginiň netijeleri barada habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny ösdürmek, energetika pudagynyň kärhanalaryny tehniki hem-de tehnologiýa taýdan enjamlaşdyrmak, nebit we gaz önümleriniň dürli görnüşlerini çykarýan döwrebap önümçilikleri döretmek babatda görülýän çäreleriň ähmiýetini belledi.

Bularyň hemmesi ykdysadyýetiň durnukly ösmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak babatda wezipeleri çözmek üçin tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz gaz pudagynda amala aşyrylmagy bellenilen taslamalaryň ykdysady we tehniki taraplaryny düýpli seljermegi tabşyryp, ýurdumyzyň känlerinde täze tehnologiýalary we döwrebap tehnikalary ornaşdyrmak, şeýle hem daşary ýurt maýalaryny çekmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi