BIZNES

Köýtendag sebitiniň tebigy serişdeleriniň barlag işleri dowam edýär

Köýtendag sebiti tebigy serişdelerine baýdyr. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Köýtendag geologogözleg ekspedisiýasynyň hünärmenleri bu serişdeleriň ýurdumyzy ösdürmegiň bähbidine ulanylmagy ugrunda netijeli hem işjeň zähmet çekýärler.

Häzirki wagtda bu edaranyň hünärmenleri täze gorlary ýüze çykarmak maksady bilen ýerli känlerde gözleg-barlag işlerini ýerine ýetirdiler, şeýle hem olaryň ätiýaçlyklaryny bahalandyrdylar.

Barlag işleriniň netijesinde Başhatyn käninde toýunyň ägirt uly gorlary, Garajumalak käninde — hek daşy, şeýle hem Akgum käninde kwars çägeleri ýüze çykaryldy. Ýüze çykarylan serişdeleri Köýtendagyň eteginde ýerleşýän, 2013-nji ýylda açylan «Lebap» sement zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýar.

Akbulak meýdançasy Magdanly şäherinden 40 km günorta-günbatarda ýerleşip, agyr hem ýeňil dag magdanlaryna – galyplara baýdyr.

Bu meýdançada geologlar 2011-nji ýylda barlag işlerini geçirdiler. Netijede bu meýdançada ýerleşen dag elemendiniň ortaça galyňlygynyň 1,5 metre barabardygy ýüze çykaryldy. Sement zawodynyň barlaghanasynda geçirilen barlag işleri sementiň hiliniň galyp çig malynyň işjeň mineral goşundy bilen garylan ýagdaýynda has ýokarlanýandygyny görkezdi. Bu bolsa, kärhanada öndürilýän önümleriň hil görkezijileriniň ýokarlanjakdygyny, berkligi hem-de çydamlylygy bilen tapawutlanjakdygyny aňladýar.

Çeşme: tngizt.gov.tm

 

USAID Türkmenistanda miwe-gök önümlerini eksport edijiler üçin degişli telefon nokatlaryny işe girizdi

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

“Türkmennebit” döwlet konserni buraw turbalaryny satyn alar

“Türkmengaz” döwlet konserni polat turbalary satyn alar