DÜNÝÄ

Koronawirus babatda täze çäklendirmeler giriziler

Dünýäde pandemiýa keseliniň ýaýramagy bilen Türkiýäniň Stambul şäheriniň arassaçylyk geňeşi, koronawirusyň ýokaşmagyna garşy çäreleriň çäginde täze kararlar kabul etdi. Kararda şäher we şäherara ýolagçy syýahatynda, toýlarda, sünnet toýlarda, nika dabaralary ýaly çärelere çäklendirmeler girizildi.

Stambul arassaçylyk geňeşi 14-nji sentýabrda sagat 08:00-dan başlap kararlar durmuşa geçiriler we görülýän çäreleriň, esasanam fiziki aralyk düzgünleriniň ýeterlik bolmazlygy sebäpli keseliň ýaýramagynyň tizligini ýokarlandyrýar hem-de saglyga howp salýar diýip belledi. Şonuň bilen geçiriljek çäreler, toýlar, sport we güýmenje, deňiz ulaglaryndaky toý dabaralary hat-da açyk meýdançada geçirilýän konsertler, festiwallar ýaly çäreler islendik ýagdaýda geçirmäge rugsat berilmeýär. Zyýan çekmezligi üçin kabul edilen kararlary ýerine ýetirmegiň möhümdigini nygtaýan beýannamada, barlag wagtynda kabul edilen kararlary ýerine ýetirmeýänleriň umumy arassaçylyk kanunyna laýyklykda administratiw jogapkärçiligine çekiljekdigini nygtaldy.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Ýene-de okaň

Anar Guliýew: Fizulide gurulýan metjit Türkmenistan bilen doganlygyň nyşanydyr

Türkmenistan bilen Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Azerbaýjan bilen Türkmenistan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar

Raşad Nabiýew: ‘Dostluk’ tankeri Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny berkider

Türkmen ilçisi Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Bakudaky adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekilleriň halkara forumyna gatnaşdy