DÜNÝÄ

Ählumumy ilat ýazuwy geçiriler

Hytaýda 2020-nji ýylda 7-nji milli ilat ýazuwy geçiriler. Bu Ählihytaý halk wekilleriniň ýygnagynyň 13-nji çagyryşynyň 3-nji mejlisiniň açylyş dabarasynda yglan edildi diýip, Täjigistanyň “Hovar”  hem-de Gazagystanyň “Kazinform” habar gulluklary habar berýär.

Hasabatda “Tutuş ýurt boýunça ýedinji ilat ýazuwyny geçirmeli” diýilýär.

Öň Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşi tarapyndan habar berlişi ýaly, ilat ýazuwy 2020-nji ýylyň 1-nji noýabrynda başlar we ilatyň sanyny, gurluşyny we geografiki paýlanyşyny kesgitlär. Hasabatda “Hytaýda şäherleşme derejesi ilkinji gezek 60% göterimden geçdi” diýilýär.

2010-njy ýylda şäher ilatynyň paýy 49,6% göterim boldy. Soňky 6-njy ilat ýazuwy 2010-njy ýylda geçirildi. 2000-nji ýylda geçirilen 5-nji ilat ýazuwyndan bäri, 10 ýylda Hytaýyň ilaty 73,9 million adam köpeldi. Umuman, 2010-njy ýyla çenli Hytaýyň ilaty 1,3 milliard adamdan geçdi.

Hytaýda tutuş ýurt boýunça ilat ýazuwy:1953, 1964, 1982, 1990, 2000 we 2010-njy ýyllarda geçirildi.

 

Related posts

Yeni 7 yıllık kalkınma dönemi başladı: 65 milyar dolarlık yatırım

vepa

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy ministrler duşuşygy geçiriler

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti guramanyň taryhynda täze sahypany açar