SPORT

Konor Makgregoryň tutluşygy ýatyryldy

Meşhur türgen Konor Makgregoryň amerikaly Maýkl Çendler bilen şu ýylyň 30-njy iýunynda göz öňünde tutulan “UFC” ýaryşlarynyň çäklerindäki tutuluşygy ýatyryldy. Bu barada ýaryşlaryň gurnaýjysy Deýn Uaýt habar berdi.

Onuň bellemegine görä, “UFC 303” ýaryşynyň çäklerinde göz öňünde tutulan Makgregor we Çendler tutuluşygynyň Makgregoryň sikeşlidigi sebäpli ýatyrylandygyny mälim edildi. Bu tutluşyk başga bir wagtda geçiriler.

Şol gün, ýagny 30-njy iýunda brazil Aleks Pereýra bilen çeh Irži Prohazkonyň tutluşygy esasy sport wakalarynyň biri bolar.

35 ýaşyndaky Makgregor garyşyk söweş sungaty boýunça gatnaşan ýaryşlarynda 22 gezke ýeňiş gazanyp, 6 gezek ýeňildi. Ol ilkinji derejesini 2015-nji ýylda gazanyp, birbada ýarym ýeňil we ýeňil agramda “UFC” ýaryşlarynyň çempiony bolan ilkinji türgendir.

Ol soňky tutluşygyny 2021-nji ýylyň iýulynda Dastin Porýe bilen geçirip, şol tutluşykda aýagyny döwdüripdi. Şondan bäri bu sikeş garşy göreşip gelýär.

38 ýaşyndaky Çendler bolsa, 23 ýeňiş we 8 sany ýeňliş bilen sport karýerasyny dowam etdirýär.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy