SPORT

Klopp – iň gowy tälimçi

Angliýanyň “Premýer-ligasy” geçen möwsümiň iň gowy tälimçisini saýlady. “Liwerpul” toparynyň tälimçisi Ýurgen Klopp bu derejä mynasyp boldy. Onuň ýolbaşçylygynda topar 99 utuk gazanyp, soňky 30 ýylda ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy. Bu baýragy alan 53 ýaşly hünärmeniň ilkinji german bolandygyny bellärliklidir.

Bu baýraga “Çelsiniň” tälimçisi Frenk Lempard, “Lesteriň” tälimçisi Brendan Rojers we “Şeffild Ýunaýted” tälimçisi Kris Waýlder dalaşgär görkezildi. Ýeňiji janköýerleriň we futbol hünärmenleriniň ses bermegi bilen kesgitlenildi.

Klopp 2015-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri “Liwerpula” tälim berip gelýär.

Related posts

Fabio Kannawaro Özbegistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolup biler

Habib mundan beýläk tutluşyk geçirmez

Ata Watan Eserleri

Iñ gowy futbolçylaryň düzümi

Ata Watan Eserleri