TEHNOLOGIÝA

“Kia Sorento” ulagy onlaýn tanyşdyryldy

Dünýä belli “Kia Motors” kompaniýasy täze öndüren “Kia Sorento” kysymly ulagyny onlaýn esasda tanyşdyrdy. Bu tanyşdyrylyş Günorta Koreýada geçirilip, şol bada hem satuwyna başlandy.

“Sorento” kysymly ulagyň 4-nji nesli bolan täze ulag 6 ýyldan soňra täzelenen görnüşde çykaryldy. Onuň 3-nji nesli 2014-nji ýylda satuwa çykarylypdy. Daşky keşbi bilen hem köpleriň ünsüni çeken bu ulagyň içki bölegi doly sanly panel bilen üpjün edildi. Paneliň 12,3 dýuýmly ekranynda köp zady görmek bolýar.

Ulagyň dizel görnüşiniň hereketlendirijisiniň kuwwaty 202 at güýjüne barabardyr. Onuň gibrid nusgasy 180 at güýjüne eýe bolup, elektrikli motor bilen abzallaşdyrylandyr.

Mundan başga-da, şu ýylyň üçünji çärýeginde ulagyň benzinli görnüşi çykarylar.

Ýene-de okaň

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar