BILIM

KFU türkmen talyplarynyň sanyny köpelder

Kazanyň Federal uniwersiteti türkmenistanly talyplara dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň diplomlary bilen deň derejedäki diplomy bermäge taýýar. «Biz uniwersitetimizde has köp türkmenistanly talyby görmek isleýäris» diýip, rektor Ilşat Gafurow Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Atadurdy Baýramow bilen bolan duşuşygynda aýtdy.

Uniwersitetde nebit we gaz işewürligi hem-de geologiýa býunça berilýän bilimiň diplomy Angliýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň diplomlary bilen deň derejelidir. Türkmenistanyň Hökümetiniň islegi boýunça uniwersitet täze okuw ýylyndan başlap, bu ugurlara türkmenistanly talyplary kabul etmäge taýýar. Şeýle hem bu ýerde IT we lukmançylyk ugurlary boýunça ýokary bilimli türkmen ýaşlary taýýarlanylar.

Duşuşygyň maksady bilim boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar uniwersitetde okaýan türkmenistanly talyplaryň sanyny köpeltmek, Aşgabatda KFU-nyň usulyýet merkezini döretmek, birek-biregi gyzyklandyrýan ugurlar boýunça Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň meýilnamasyny taýýarlamak ýaly wezipeler ara alnyp maslahatlaşdyldy.

Bular barada uniwersitetiň rektorylygynyň resmi saýty habar berýär.    

Ýene-de okaň

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “THE Sustainability Impact Ratings 2026” dünýä reýtingine girizildi

Türkmen-türk gatnaşyklarynda bilimiň orny

“Hytaýyň ilçisiniň talyp haky” atly taslama boýunça ýeňijiler sylaglandy

Türkmenistan bilen Hytaý bilim boýunça täze ylalaşyklara gol çekişdi

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar