SPORT

Katarly şeýhler Russiýa aralaşýar

Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň eýesi bolan “City Football Group” holdingi Russiýanyň “Spartak” toparynyň hem gymmat bahaly kagyzlarynyň 20 göterimini satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada “Baza” telegram-kalanynda bellenilip geçilýär.

Katarly şeýhleriň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň angliýaly wekilleri Russiýada saparda bolup, “Spartak” toparynyň “Rostow” topary bilen geçiren duşuşygyny tomaşa etdi. Şeýle hem rus toparynyň ýolbaşçy düzümi bilen gepleşikler geçirdi.

Bellenilip geçilişi ýaly, “City Football Group” holdingi rus bazary bilen gyzyklanýar we “Spartak” topary bilen hyzmatdaşlyk edip, goşmaça hemaýatkärlik mümkinçiliklerini seredýär.

“City Football Group” holdingi barada…

“City Football Group” holdingi Angliýanyň “Mançester Siti” topary bilen bir hatarda ýene-de 10 toparyň paýnamalaryna eýeçilik edýär.

  • «Nýu-Ýork Siti» (ABŞ),
  • «Melbrun Siti» (Awstraliýa),
  • «Mumbaý Siti» (Hindistan),
  • «Ýokogama F.Marinos» (Ýaponiýa),
  • «Montewideo Siti Torke» (Urugwaý),
  • «Žirona» (Ispaniýa),
  • «Syçuan Szýunýu» (Hytaý),
  • «Lommel» (Belgiýa),
  • «Trua» (Fransiýa)
  • «Boliwar» (Kolumbiýa).

Russiýanyň uniwersitetlerine ýüz tutmagyň möhleti uzadyldy

Related posts

Dünýäniň iň garry Olimpiýa çempiony aradan çykdy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

“Mançester Sitiniň” 7:0 hasaplyk ýeňşi

Ata Watan Eserleri