JEMGYÝET

Katarda owganara gepleşiklerine gatnaşyjylar bilen duşuşyk

Katar döwletiniň Doha şäherinde bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet parahatçylykly owganara gepleşiklerine gatnaşyjylar bilen duşuşyklary geçirdi.

Hususan-da, gepleşikleriň barşynda wekiliýetiň düzümine girýän «Таlyban» hereketiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça owganara gepleşiklerini goldaýandygy beýan edildi we şol bir wagtda diplomatiki hem-de syýasy gurallaryň netijeliligine aýratyn ynam bildirmek bilen, ozal öňe sürlen başlangyçlaryň çäklerinde gepleşikleriň prosesine ýardam bermäge hem taýýardyr.

Türkmen tarapy Owganystanda parahatçylygyň, durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň ilerledilmegi ugrunda sebit hem-de halkara düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin energetikanyň, ulagyň, tebigy serişdeleriň, aragatnaşygyň we kommunikasiýalaryň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyna doly düşünmek bilen Türkmenistan iki goňşy ýurduň we Günorta Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda halkara iri infrastruktura taslamalarynyň ençemesiniň ilerledilmegi ugrunda işjeň hereketleri durmuşa geçirýär. Ilkinji nobatda TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugry boýunýa elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy, şol sanda Türkmenistandan Owganystana demirýollarynyň gurulmagy barada gürrüň edilýär.

Tarapar Owganystanyň hem-de onuň halkynyň abadançylygyna gönükdirilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine ynam bildirdiler.

Duşuşyk açyk hem-de işjeň ýagdaýda geçirildi.

 

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan “Russiýa-Yslam dünýäsi Hyzmatdaşlyk Expo” sergisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazanda YHG-nyň medeniýet ministrleriniň maslahatyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanda halkara atçylyk-sport toplumyna baryp gördi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystana 2 jübüt alabaý ibermek kararyna geldi

22-nji maýda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler