JEMGYÝET

Karlowar kino festiwaly ýatyryldy

Şu ýylyň iýul aýynda geçirilmegi göz öňünde tutulan halkara Karlowar festiwaly koronawirus sebäpli ýatyryldy. 55-nji gezek geçirilmegi meýilleşdirilen kino festiwalyň çäklerinde görkezilmegi göz öňünde tutulan filmler Çehiýanyň kinoteatrlarynda görkeziler.

Gündogar Ýewropanyň iň möhüm festiwallarynyň biri hasaplanýan Karlowar festiwalyny 2021-nji ýylyň 2-10-njy iýul aralygynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu festiwaldaky kinolar kinoteatrlar açyldan soňra görkeziler. Çehiýada 8-nji iýunda kinoteatrlaryň açylmagyna garaşylýar. Ilkinji tapgyrda kinoteatrlara 50 tomaşaçyny goýbermek göz öňünde tutulýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady