BIZNES

«JETRO» guramasy  Türkmenistanda wekilhanasyny açmakçy

Ýaponiýa amala aşyrylan iş saparynyň dowamynda, 2024-nji ýylyň 22-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary söwda guramasynyň (JETRO) ýerine ýetiriji direktory hem-de başlygy Işiguro Norohiko we Eksport we maýa goýum ätiýaçlandyryş guramasynyň (NEXI) ýerine ýetiriji diektory hem-de başlygy Asuo Kuroda bilen duşuşyklary geçirdi.

«JETRO» guramasynyň  wekilleri bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn söwdanyň ösüşini höweslendirmek boýunça ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi.

Hususan-da, söwda wekilçilikleriniň,  biziň ýurdumyzda we Ýaponiýada işewürligi alyp barmaga gönükdirilen kiçi we orta telekeçileriň özüne çekijiligini artdyrmak maksady bilen «JETRO» guramasynyň  Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Türkmenistanyň Ýaponiýada söwda öýüniň açylmagynyň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmalar gurnaldy.

Şeýle-de,  şu ýylyň birinji ýarymynda türkmen tarapynyň «JETRO» guramasy bilen bilelikde işewürlik forumyny geçirmek boýunça meýilleri beýan edildi.

«NEXI» guramasynyň wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda maýa goýum ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary, hususan-da, Türkmenistanda ähmiýeti uly bolan taslamalaryň maliýeleşdirilmegine dürli maýa goýum guramalarynyň çekilmeginiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen birlikde, taraplar uly ähmiýete eýe bolan ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa Garlyk käninde bilelikde iş alyp barmagy teklip etdi

Türkmen dizaýnerleri ÝB bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýärler

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar