JEMGYÝET

Ispaniýada türgenleşiklere başlanar

Ispaniýanyň Premýer-minstri Pedro Sançes 4-nji maýdan başlap, ähli professional türgenlere ýekelikde türgenleşik işlerine başlamaga rugsat berdi –  diýip, “AS” neşiri habar berýär.

Indiki duşenbe gününden başlap, futbol toparynyň fizikasyna jogap berýän tälimçisi rugsat berenden soňra, türgenlere meýdança ýeke çykyp, türgenleşik işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. 18-nji maýdan soň, 6 adamdan ybarat bolan toparlaýyn türgenleşik işlerini geçirmek meýilleşdirilýär. 25-nji maýdan soňra bolsa, bir wagtda meýdançada 8 adam türgenleşip bilerler.

Ipaniýanyň “La Liga” futbol çempionaty 5-12-nji iýun aralygy tomaşaçysyz ýagdaýda dowam etdirilip bilner.

Related posts

Merkezi Aziýa teleýaýlymyny döretmek meýilleşdirilýär

Prezident saýlawlary üçin görlen taýýarlyklar: saýlawlar giňden halka ýetiriler

Ata Watan Eserleri

Halypa şahyrymyz Amangözel Şagulyýewa!

Dr.Döwran Orazgylyjov