TEHNOLOGIÝA

Ispan alymlary pomidor gabygyndan plastmassa ýasamakçy

Ispaniýanyň Malaga şäheriniň alymlary pomidoryň gabygyndan zyýansyz plastmassany ýasamagyň üstünde iş alyp bardylar. Bu barada “The Mayor” neşiri habar berýär.

Ekologiýa taýdan arassa material pomidor pastasy we ketçup önümçiliginde galan galyndylardan ýasalar. Pomidoryň gabygy zyýansyz iýmit gaplamasyna öwrüler. Biomaterial ýag kislotalarynyň esasynda öndüriler.

Alymlar şeýle tebigy gaplamalaryň diňe bir plastmassa we nebit önümleriniň atmosferasyna ýetirýän zyýanyny azaltman, eýsem azyk önümçiligindäki galyndylary hem azaldyp biljekdigine ynanýarlar.

Oýlap tapylan material çydamly, ýöne çalt dargaýar. Onuň düýbünden ýitip gitmegi üçin 1 aý gerek bolar. Şol bir wagtyň özünde, deňeşdirmek islenilende, onda adaty plastmassanyň ýok bolup gitmegi üçin 450 ýyl gerek bolýar.

 

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy ministrler duşuşygy geçiriler

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi