SPORT

Iň köp gazanan zenan türgen

“Forbes” žurnalynyň maglumatyna görä, ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka iň köp gazanan zenan türgeni boldy.

Bir ýylyň dowamynda Osada 57,3 million dollar gazanyp, bu gazanjynyň 55 millionyny hemaýatkerler bilen baglanyşylan şertnamalardan, 2,3 millionyny bolsa sylaglardan aldy.

Sanawda ikinji orunda amerikaly tennisçi Serena Uilýams durýar. Ol 2021-nji ýylda 0,9 million dollar sylaglardan we 45 million mahabat şertnamalaryndan gazandy.

Üçünji orunda durýan Serena Winus Uilýamsyň bolsa, ýyllyk girdejisi 11,3 million dollara deň boldy. Onuň 0,3 millionyny sylaglardan, ganalaryny tennis meýdançasynyň daşyndan ýagny, mahabatlardan gazandy.

Şeýle hem bu sanawyň ilkinji onlugyna maliýe görkezijisi ýokary bolan zenan türgenlerden amerikaly ýeňil atletikaçy Simona Baýlz (10.1 mln), ospan tennis türgeni Garbinýe Mugurusa (8.8 mln), koreýaly golfçy Ko Ýen Çin (7.5 mln), hindistanly badmintonçy Pusarla Wenkata Sindhu (7.2 mln), awstraliýaly tennisçi Eşli Barti (6.9 mln) hem-de basketbolçy Kendi Parker (5.7 mln) goşuldy.

 

14-nji ýanwar ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Related posts

Ýewro-2020: Italiýa uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ata Watan Eserleri

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

“Bawariýa” bassyr 10-njy çempionlygyny gazandy

Ata Watan Eserleri