SIZDEN GELENLER

Imbir ösümligiň şypaly häsiýeti

Imbir-imbirler maşgalasyna degişli bolup, köp ýyllyk ösümlikdir.  Watany Günbatar Hindistan we Günorta-Gündogar Aziýa hasaplanylýar. Adatça tebigatda ýabany görnüşde ösmeýär. Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Günbatar Afrikanyň, Braziliýanyň, Hindistanyň, Argentinanyň, Ýamaýkanyň subtropik we tropiki ýerlerinde gabat gelýär. Imbiriň peýdaly aýratynlyklary bilen bir hatarda bag ýa-da otag ösümlik hökmünde ösdürip ýetişdirilýär. Uzynlygy 1,5 metre ýetýän gamyşy ýadyňa salýan dik baldakly görnüşine eýedir.  Kökleri sary ýa-da çal reňke eýe bolup, etlek tegelek böleklere meňzeş bolýar. Imbiriň gara görnüşine hem gabat gelmek bolýar.

Lukmançylykda dürli keselleri bejermekde hem-de tagamlara aýratyn, gaýtalanmajak tagam bermek maksady bilen ulanylýan iň meşhur dermanlyk ösümlikleriň biridir. Iýmitde ulanylýan Zingiber officinale görnüşiniň köki çig ýa-da gaýtadan işlenen görnüşinde peýdalanylýar.

Dermanlyk imbiriň köki aslynda ýerasty baldak bolup, ylmy barlaglaryň netijesinde köp peýdaly häsiýetleriniň barlygy tassyklanandyr. Imbiriň täze kökünde bar bolan işjeň madda gingerol, ol nahar bişirilenden soň zingerona we guradylan kökünde şogaola öwrülýär. Olar imbiriň ýiti tagamyny berýär, alowlanma, bakteriýalara garşy ulanylýar. Antioksidant şeýle hem agyry aýyryjy häsiýetlere eýedir.

Bellenilişi ýaly imbir hoşboý ysly we dermanlyk häsiýetli ösümlikdir. Imbir köküniň köp peýdaly häsiýetleriniň barlygy sebäpli, imbir çaýy gadymy döwürlerden bäri dürli keselleri bejermek üçin ulanylýar. Käbir ýagdaýlarda horlanmak maksady bilen hem ulanýarlar. Tagam taýýarlananda imbiriň köki we ýapragy goşulýar.

Iýmitde ulanylsa aşgazanyň bölüp çykaryşyny gowulandyrýar, işdäňi açýar, gandaky holesteriniň mukdaryny azaldýar we gan basyşyny peseldýär. Howply çişleriň ösmegine garşy öňüni alyş serişde hökmünde  peýdalydyr.

Imbir köp peýdaly maddalara baýdyr, gymmatly düzümi boýunça şulary sanamak bolýar. Onuň kökünde birnäçe witaminler (C witamini, B1, B2) şeýle hem ähli beden ulgamynyň kadaly işlemegi üçin zerur aminokislotalar, efir ýagy, mineral maddalar bardyr. Olardan  alýumin, kaliý, kalsiý, demir, marganes, hrom, fosfor, germaniý, nikotin we linoleý turşysyny bellemek bolýar.

Imbir kökünde fenol görnüşli madda – gingerol ajy tagamy berýär. Bu ösümligiň köküniň düzümindäki efir ýagy ýakymly ysy berýär. Imbiriň peýdaly häsiýetlerini çopantelpek, narpyz, brusnika ýapragy, melissa ýaly otlar bilen üstüni ýetirmek bolar. Ol köp mukdarda ulanylsa hem saglyga zyýanly däldir.

Imbiriň peýdaly häsiýetleriniň kömegi bilen dürli keselleri bejerilýär.  Nahardan ýarym sagat öň  imbir çaýyny içmek bilen immun ulgamynyň işini  ýokarlandyrmak bolýar, birnäçe aýyň dowamynda yzygider içmek bilen bolsa, köp güýç sarp etmezden artykmaç agramdan saplanylýar. Imbir köküniň esasy düzümi bolan gingerol, gan aýlanyşyny gowulandyrmaga ýardam edýär. Kabul edilenden soňra içki beden agzalarynda ýyladyş häsiýeti hem ýüze çykarýar.

Imbir köki alowlanmalar bilen geçýän artrit ýaly dürli keselleri bejermek we öňüni almak üçin gaýnadylan we şire görnüşinde ulanylýar.

Imbir adatça alowlanmalaryň öňüni almak üçin ulanýarlar. Imbiriň beden agzalarynyň çişme prosesine garşy göreşýän häsiýetleri ýokarydyr, şonuň üçin imbir çaýy agyz boşlugynyň we bokurdagyň alowlanmasynda şeýle hem  dümew kesellerini bejermekde örän peýdalydyr.

Imbir ýapgysy köp sanly agyrylary aýyrmaga ýardam  edýär. Mysal üçin arka bölümlerinde agyry ýa-da dowamly gury agyrylarda peýdalydyr. Mundan başga-da, imbiriň kellede ýüze çykýan dürli agyrylardan saplanmaga ýardam edýär.

Köplenç imbiri ýürek bulanma garşy göreşmekde ulanýarlar. Köp sanly ylmy barlaglaryň netijesinde, imbiriň ýürek bulanmagyň islendik sebäplerine we görnüşlerine – himiýaterapiýanyň täsirinden, göwreliligiň başlangyç döwründe we beýleki sebäplere görä ýüze çykýan  ýürek bulanmalara garşy göreşip bilýändigi tassyklanyldy. Bedene zyýanly täsirleriň ýoklugy sebäpli göwreli aýallar ýürek bulanmakdan dynmak üçin imbiri ulanyp bilýärler.

Imbiriň ýene-de bir peýdaly häsiýeti, adamyň iýmit siňdiriş ulgamyny kadalaşdyrmak ukyby bolup durýar. Imbiriň işdäni we iýmit siňdiriş ulgamyny sazlaýanlygy, ýagyň ýa-da holesteriniň alyş-çalşynyň bozulmagynda peýdalydygy irki döwürlerden bäri mälimdir. Imbir madda alyş-çalyşygyny (metabolizmi) çaltlaşdyrýar we şeýlelik bilen adaty agramy saklamak üçin zerur bolan kaloriýany ýakmak prosesini ýokarlandyrýar.

Imbir köküniň peýdaly aýratynlyklary sebäpli anesteziki, çişmä garşy, siňdiriji, antispazmatiki, bejeriş, toniki, bakterisid we antibakterial hökmünde ulanylyp bilner.

Bedeniň içki ýylylygyny ýokarlandyrýar, işdäňi açýar, aşgazan şiresiniň emele gelmegine ýardam berýär, aşgazanda iýmit siňdirmek üçin peýdaly, imbir köküniň goşulmagy bilen iýmit has oňat özleşýär we has gowy siňýär. Umuman aýdanymyzda imbir iýmit siňdiriş ulgamy üçin örän peýdalydyr.

Ganyň düzümindäki holesterini peseldýär, beýniniň gan aýlanyşyny gowulandyrýar, gan damarlaryny güýçlendirýär, gan basyşyňy peseldýär we aterosklerozdan saplanmaga ýardam edýär. Imbir çaýy antioksidantlaryň bolmagy sebäpli organizmi ýaşartmaga we dikeltmäge täsir edýär. Islendik ugurda diýen ýaly onuň peýdaly häsiýetleri sanardan köpdir.

Toksinleri ýeňil dargatmak we ýok etmek üçin nahardan öň 1 çaý çemçesi limon suwy we biraz duz bilen bir çaý çemçesi gyrgyçdan geçirilen täze imbir köküni içmeli.

Imbiriň şerbetini taýýarlamak üçin, imbiriň köküni inçejik dilimlere bölüp, inçe edip kesmeli, oňa suw goşup pes otda goýup gaýnatmaly. Ondan soň suwuklygy sowadyp, içine bal we limon goşmaly. Bu şerbet bagryň, böwrekleriň işjeňligine peýdaly täsir edýär, deriňi täzeleýär we artykmaç agramdan dynmaga ýardam edýär.

Täze ýa-da guradylan imbir köki gök önümler, et we towuk üçin gündogar aşhanalarynda meşhurdyr. Täze imbiri gyrgyçdan geçirip bişirilýän nahara goşulýar. Imbiriň ýaş täze ýapraklary we baldaklary işdäaçarlara goşulanda işdämenlik bilen naharlar iýilýär.

Biz imbiri haýsy görnüşde kabul etsekde, islendik  ýaşdaky adam üçin şypaly häsiýeti ýokarydyr.

 

Umida Abdyýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

 

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Hoş habar -Täze Applikasiýa: Makul Sözlük

Makul Sözlük (www.makulsozluk.com ) özüniň “Android” ulgamynda hereket edýän täze applikasiýasyny-Makul Sözlük applikasiýasyny hödürleýär. Toparymyz  düýn Kompýuterlerdäki  “Chrome Browserde” ulanmaga mümkinçilik berýän täze “Browser goşundysyny”-Makul Sözlük goşundysyny  ulanmaga taýýar eden bolsa, şu gün “Android” applikasiýasyny herekete girizdi. Şeýlelikde, köp sanly “Makul Sözlük” ulanyjylary, diňe www.makulsozluk.com saýtyna girmek bilen bu sözlükden peýdalanman, eýsem, kompýuterlerinde “Makul Sözlük” goşundysyny, Android ulgamyndaky mobil telefonlarynda bolsa “Makul Sözlük” applikasiýasyny ulanyp bilerler. Ýakynda IOS ulgamynda hereket edýän Applikasiýamyz hem hereket edip başlar.

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika