SIZDEN GELENLER

Ilkinji uçarlaryň döreýiş taryhy

Awiasiýa – (latyn dilinde avis-guş) – Ýeriň töweregindäki howa giňişliginde howadan agyr enjamlarda uçuş. XX asyryň 60-njy  ýyllarynda awiasiýada uçarlar, dikuçarlar  we  planerlar ulanylypdyr. Awiasiýa raýat awiasiýa hem-de harby awiasiýa bölünýär.

Rus alymy M.W. Lomonosow 1754-nji ýylda puržin bilen tow berilýän dikuçaryň modelini gurupdyr we şeýle enjamyň uçup biljekdigini tejribede subut edipdir.1881-nji ýylda  Russiýada  deňiz ofiseri A.F. Možaýskiniň howada uçýan  snarýad  diýip atlandyran  enjamy üçin töleg  berlipdir. XIX- asyryň ahyrlarynda  we XX  asyryň başynda öňde barýan döwletleriň alymlary awiasiýa barada  köp sanly teoretiki hem synag gözlegler geçirip başlaýarlar. Rus alymy N.Ýe  Žukowskiý aerodinamika  ylmynyň ösmegine aýgytly goşant goşýar. 1902-nji ýylda  Moskwa döwlet uniwersitetinde Žukowskiniň  pikiri boýunça  Russiýada ilkinji  gezek aerodinamik turbo gurulýar.

Amerikan  mehanikleri  doganlar  U we O.Raýt ilkinji bolup, uçara içinden  ýandyrylýan  dwigatel goýdular. 1903-nji ýylyň  oktýabr aýynyň 17-sine olaryň kerosin  bilen işleýän dwigatelli uçarynyň  ilkinji  uçuşy üstünlikli geçdi. 1904-nji ýylda  Moskwanyň eteginde – Kuçinoda  aerodinamik institut döredildi. Eýýäm  30-njy ýyllaryň II ýarymynda  Russiýada , Angliýada, Germaniýada, Italiýada we ABŞ-da reaktiw dwigatelleri  döretmegiň üstünde uly işler geçirildi.1965-nji ýylda Russiýada Antonowyň taslamasy boýunça dünýäde iň uly “An-22 Anteý” ýolagçy uçary guruldy. 1968-nji ýylda üç reaktiw dwigatelli “Tu-154” uçary ilkinji uçuşy amala aşyrdy. Bu uçar 164 ýolagçyny 1000 km/s tizlik bilen  6 müň km çenli aralyga äkitmäge niýetlenendir. 1960-njy ýyllaryň ahyrynda birnäçe ýurtlarda ses tizliginden hem ýokary ýolagçy uçaryny döretmek barada uly işler dowam etdirildi. Russiýada “Tu-144”, Angliýada  we Fransiýada “Konkord”, ABŞ-da “Boeing-2707” uçarlar döredildi.

Türkmenistanda ilkinji howa ýoly 1928-nji ýylda Türkmenabat–Daşoguz aralygynda açyldy. Paýtagtymyz Aşgabatda birinji gezek 1934-nji ýylda  6-njy ulag-aragatnaşyk topary düzüldi. 1935-nji ýylda ANT-3 uçarynda  uçarmanlar  N.S.Mineýew we K.I.Krukowskiý bilen bilelikde Garagumyň üstünden 460 km uzaklyga gonman uçmaklygy başardylar. Häzirki döwürde howa ýoly ýurdumyz boýunça köp ulanylýan ýollaryň biri hasaplanylýar. 1956-njy ýylda howa ýoly boýunça 79-müňe golaý ýolagçy gatnadylan bolsa,1969-njy ýylda gatnadylýan ýolagçylaryň sany 1 million adamdan geçipdir. Howa ýolunyň çägi ep-esli giňeldi.

Şu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda diňe bir howa ýoly däl eýsem demir ýollary, gara  ýollary, deňiz-derýa ýollaryna-da has uly üns berilýär. Häzirki wagtda howa ýollary bilen halkymyz dünýäniň  hemme döwletlerine diýen ýaly syýahat edip bilýärler, ýaşlarymyz  daşary döwletlerde öz bilim derejelerini ýokarlandyryp bilýärler.

 

 

Altyngözel ÇARYÝEWA, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary instituty

 Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň

 1-nji ýyl  talyby.

 

 

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika