DÜNÝÄ

Hytaýdaky Köşk muzeýi täzeden açylýar

Hytaýyň paýtagty Pekinde ýerleşýän Köşk muzeýi 2020-nji ýylyň 1-nji maýyndan öz işine başlaýar. Ýakynda bu muzeý dünýädäki käbir sebäplere görä gysga wagtlyk ýapyldy. Emma muňa garamazdan indi bu ajaýyp muzeý taryh bilen gyzyklanýanlar üçin öz işini dowam eder. Ýylda müňlerçe adamy özünde jemleýän muzeý özüniň taryhy, gadymylygy bilen dünýä meşhurdyr. Muzeý Hytaýyň paýtagty Pekiniň iň gelim-gidimli ýerleriň biri hasaplanýar. Muzeýiň täzeden açylmagy ençeme adamy begendirdi. Ol ýerde eýýäm şu günden petek satylyş merkezleri hereket edip başlady. Muzeýiň bu ilkinji gününde bu ýere ýüzlerçe adam ýygnandy.

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy