DÜNÝÄ

Hytaý 75 ýurduň raýatlary üçin wiza düzgünini ýatyrdy

Hytaý şu wagta çenli 75 ýurduň raýatlary üçin bir taraplaýyn ýa-da özara ylalaşyk esasynda wizasyz düzgüni girizdi. Bu, ýurduň wiza düzgünlerini kämilleşdirmek we halkara alyş-çalyşyklary goldamak boýunça eden tagallalarynyň çäginde boldy.

“Xinhua” habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu barada Hytaýyň Migrasiýa meseleleri boýunça döwlet gullugynyň başlygy Wang Çžiçžun geçirilen metbugat ýygnagynda gürrüň berdi.

2021-2025 ýyllary aralygyndaky 14-nji bäş ýyllyk meýilnamasynyň döwründe Hytaý arkaly wizasyz tranzit mümkinçiligi berlen ýurtlaryň sany 55-e çenli artdy.

Ýurda girmek üçin gözegçilik gümrük nokatlarynyň sany 60-a çykdy, bu 24 welaýat, awtonom sebit we merkezi dolandyrylýan şäherleri öz içine alýar diýip gullugyň başlygy aýtdy.

Related posts

ABŞ-Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitine taýýarlyk görülýär

“2018 Yılı – Türkmenistan Büyük İpek Yolunun Kalbidir” Yılı ilan edildi

vepa

Dohada Türkmenistanyň Garaşsyzlygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi

Ata Watan Eserleri