JEMGYÝET

Hünärmenler üçin bäsleşik

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Administratiw-tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda tälim alşy geçmek üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bäsleşik yglan edýär. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.

Resminamalaryň kabul ediş möhleti 2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-den 20-e çenli,  sagat 9-dan – 18-e çenli amala aşyrylýar.

Goşmaça maglumat almak üçin şu ýere ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 108.

Telefon: (+993-12) 44-57-84.

Related posts

Tren Biletleri artık postanelerde satılacak

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti dünýäde BMG-niň ýerini tutjak edaranyň ýokdugyny aýtdy

Saçyň düşmeginiň öňi alnar

Ata Watan Eserleri