MEDENIÝET

Hudaýnazar öwlüýä mawzoleýini gorap saklamaga gönükdirilen hyzmatdaşlyk

2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde ABŞ-nyň San Antonio şäherinde ýerleşýän Tehas Uniwersiteti (UTSA) we Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem de rejelemek baradaky milli müdirligi, Baýramaly şäheriniň golaýyndaky 12-nji asyra degişli Hudaýnazar öwlüýä mawzoleýini gorap saklamaga gönükdirilen missiýalaryň ilkinjisini tamamlady. Artefaktyň üstünde işlemek üçin gelen delegasiýanyň içine “UTSA”-nyň dosenti doktor Angela Lombardi, “UTSA”-nyň professory we Medeni durnuklylyk merkeziniň (CCS) müdiri Wilýam Dýupon we “UTSA”-nyň ylmy işgäri Sara Rodriges-Himeno girdi.

Bir hepde dowam eden missiýa mawzoleýi takyk ölçemek, eskizlemek we surata düşürmek, şeýle hem Gadymy Merw taryhy-medeni goraghanasy barada maglumat almak üçin ýerli hyzmatdaşlar bilen duşuşyklary öz içine aldy. “UTSA”-nyň hünärmenleri, Milli müdirligiň hünärmenleri bilen bilelikde bu tagallalaryň mawzoleýiň doly goralmagyna (şol sanda esasy fasadynyň dikeldilmegine hem) sebäp bolup biljekdigine ynanýarlar. Şeýle hem iki tarap mawzoleý üçin syýahatçylyk meýilnamasyny düzmek üçin deslapky gepleşikleri geçirdi. Medeni mirasy we syýahatçylyk ýerlerini dolandyrmak boýunça on ýyllyk tejribä eýe bolan “UTSA”, goraghananyň administrasiýa bilen syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda mawzoleýi medeni syýahatçylyk ugry hökmünde görkezjek umumy düşünjäniň döredilmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Mawzoleýdäki işlerinden başga-da, “UTSA” delegasiýasy türkmen kärdeşleri (hünärmenler we talyplar) bilen tejribe alyşdy we prezentasiýa geçirdi. “Mirasy gorap saklamak we dolandyrmak ugrundaky innowasiýalar” atly prezentasiýa Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde we Türkmenistanyň Medeniýet institutynda geçirildi.

“UTSA” we Milli müdirlik ýakyn wagtda mawzoleýiň üstünde işlemek üçin goşmaça missiýalary geçirmegi meýilleşdirýärler. Geljekdäki missiýalar gurluşyk meýdançasyny taýýarlamak, gorap saklamak işleri (taryhy kerpiçleri ýygnamak / saklamak), resminamalar we bilim (adaty gurluşyk we gorap saklamak usullaryny ulanmak boýunça okuw meýilnamasyny döretmek) we syýahatçylyk kompaniýalaryna marketing ýaly ugurlary öz içine alar. Täze dikeldilen ýeri bar bolan syýahatçylyk ugurlaryna birleşdirmek bilen, Hudaýnazar mawzoleýi Türkmenistanyň medeni mirasy we çeşmeleri bilen baglanyşykly dürli mowzuklar (meselem, gadymy siwilizasiýalaryň içinde Seljuk binagärliginiň uly roly) boýunça – halkyň habardarlygyny ýokarlandyrar.

Bu missiýa, ABŞ-nyň Döwlet Departamenti tarapyndan döredilen we dolandyrylýan “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasysy” (AFCP) maksatnamasynyň goldawy bilen amala aşyryldy. 2001-nji ýylda döredilen gününden bäri, «AFCP» maksatnamasy dünýäniň 130-dan gowrak ýurdunda 1000-den gowrak medeni mirasy gorap saklamak taslamasyna goldaw berdi.  Şu güne çenli «AFCP» Türkmenistanda 30 sany taslama üçin, takmynan 2 million ABŞ dollaryna barabar möçberinde maliýe baýraklaryny gowşurdy. Şeýlelik bilen, Türkmenistan «AFCP»  baýraklary boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär.

Ýene-de okaň

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary