DÜNÝÄ

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy halkara hyzmatdaşlygyny giňelder

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda maslahat geçirdi. Onda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň guramaçylyk meselelerine garaldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara we oňyn tejribelere laýyklykda döredilen, degişli guramaçylyk, hukuk aýratynlyklaryna eýe bolan dünýäde şeýle derejeli ilkinji gazna bolup durýar.

Gaznanyň düzümine onuň ýolbaşçysy, orunbasary, iş dolandyryjysy, media-habarlar wekili, gaznanyň hasapçysy we hukukçysy girer. Bu ýolbaşçylar işlerini jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda alyp bararlar.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi barada aýdyp, hormatly Arkadagymyz geljekde onuň işiniň giňeldiljekdigini, halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdiriljekdigini belledi. Gazna tarapyndan ynsanperwerlik kömeginiň yzygiderli berilmegi türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň dowamata atarylýandygyny görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz haýyr-sahawat gaznasyndan Türkiýede bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken çagalara, şeýle hem Ukrainanyň çagalaryna niýetlenen degişli ýükleriň ugradylandygyny, munuň bolsa gaznanyň işiniň çäginiň giňelýändigini görkezýändigini belledi.

Şeýlelikde, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy diňe bir ýurdumyzyň hemaýata mätäç çagalaryna däl, eýsem, zerur bolan halatynda, dünýä ýurtlarynyň ejir çeken çagalaryna hemaýat bermek maksadyny hem öz içine alýandygyny aýdyň edýär. Şunuň ýaly halkara ähmiýetli ynsanperwerlik kömeklerini bermegiň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini bellemek gerek.

Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işiniň ähli ugurlaryny ilat arasynda, şol bir wagtyň özünde halkara giňişlikde wagyz etmek meseleleriniň wajypdygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda degişli makalalary taýýarlamak, internet saýtlaryny döredip, olarda zerur bolan maglumatlary ýerleşdirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Tramp ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygyny mälim etdi

Donald Tramp 80 ýaşady