SIZDEN GELENLER

 Haýwanlar näme üçin gyşky uka gidýärlerkä?

Gyş paslynyň golaýlaşmagy bilen haýwanlaryň bir bölegi has yssy ýerlere göçýärler. Bu babatda guşlaryň uçup göçmek we balyklaryň bolsa ýüzüp göçmek bilen beýleki haýwanlara görä artykmaçlyklary bar. Käbirleri özlerini gyşa uýgunlaşdyrýarlar, has galyň täze tüýler çykarýarlar. Hat-da towşanyň käbir görnüşleriniň garda ýaşamak üçin tüýleri agarýar. Käbir haýwanlar bolsa iýmitlerini öňden saklap goýan hinlerinde ýaşarlar. Käbirleri hem ýeriň aşagynda çuň hinler gazýarlar. Emma, käbirleri üçin bolsa gyş paslyny uklap geçirmekden başga çäresi ýok.

Gyşky uky ukynyň bir görnüşi däldir. Adaty jandarlarda huşunda-da    ukyda-da bedeniň gyzgynlygynda we metabolizmanyň işlemesinde bir tapawut ýok. Gyşky uky bolsa haýwanlaryň ýaşaýyşy bilen ölümi arasyndaky çyzga çenli gelmesidir.

Käbir haýwanlaryň gyşky uka gitmeleriniň iki sebäbi bar. Birinjisi howanyň örän sowuk bolmasy, ikinjisi bolsa iýmit tapma kynçylygy. Sowuk howada ýaşap bilmek üçin olaryň has köp energiýa zerurlyk duýmalaryna garamazdan, garly gyş günlerinde iýmit tapmak mümkinçiligi çäklenýär. Gyşky uky bu kyn döwürde haýwanyň energiýa bolan zerurlygyny azaldýar we energiýany tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Ýokarda belleýşimiz ýaly gyşky uky, adaty uky ýaly däldir. Muňa ylmy dilde “gibernasiýa” diýilýär.  Beden gyzgynlygynyň töweregindäki temperatura derejesine düşýän bu ýagdaýlary birnäçe balyklaryň, gurbagalaryň, süýrenjileriň, guşlaryň, süýdemdirijileriň, möjekleriň görnüşlerinde gabat gelýäris.

Hakyky manysynda gyşky uka giden haýwany (giberator) göreniňizde ölümikä diýersiňiz. Bedeniň gyzgynlygy nola çenli düşýär. Bir minutda diňe bir gezek dem alýarlar, ýürek urşy bolsa duýulmaýan derejede pes urýar. Haýwanlar gyzanda bolsa bedeniň adaty kadasyna geçmesi üçin birnäçe sagat gerek bolýar.

Gyşky uka giden haýwanlaryň käbiri bu döwürde öz bedenlerindäki ýagdan iýmitlenýärler, käbirleri bolsa wagtal-wagtal ukydan turup tomusda ýygnan iýmitlerinden iýmitlenýärler.

Gyşky uky wagtynda haýwanlar, öz beden agyrlyklarynyň 40% golaýyna çenli horlanýar. Munuň 90% ukydan turmalardaky gyzgynlygy artdyrmak we energiýa sarp etmek üçin gerek bolup durýar, galan 10% bolsa uky wagtynda emele gelýär. Gyşky uky gyş boýunça dowam etmeýär. Haýwanlar howanyň sowap başlamagy bilen birnäçe günüň içinde gyşky uka gidýärler. Gyş möwsüminiň şertleriniň kynlaşmagy gyşky ukynyň dowamlylygynyň uzamagyna sebäp bolýar.

Gyşky uka gidýän haýwanlaryň käbirleri:

1- Gurbagalar – Sowuk howalarda gurbaganyň käbir görnüşleri gyşky uka gidýärler.

2- Pyşbagalar – Howanyň sowap başlamagy bilen iýmit tapmagyň kynlaşmagy pyşbagalaryň gyşky uka gitmelerine sebäp bolýar. Sowuk aýlarda hinlerine giren pyşbagalaryň ýürek urşy seýrekleýär we netijede gyşky uka gidýärler.

3- Aýylar – Gyşky uky aýylaryň görnüşerine görä üýtgeýär. Gyşky uky, ak aýylaryň ýedi aý hereketsiz bolmagyna we bedenlerindäki ýaglary proteine öwrüp iýmitlenmegine sebäp bolýar. Aýynyň bir görnüşi bolan Sibir aýysy hem ak aýa meňzeýär, ýöne olaryň gyşky ukysynyň möhleti gysgadyr. Käbir sebitlerde bu uky olarda 5 aý töweregi bolýar. Gyşky uky aýylaryň beýleki görnüşlerinde bolsa 4 aý töweregi dowam edýär.

4- Ýerganatlar – Adatça garaňky we sowuk ýerlerde ýaşaýan ýerganatlar, sowuk gyş paslyny gowakdyr-harabaçylyklarda we ş.m. çet ýerlerde geçirýärler.

5- Akulalar – Adatça okeanlaryň demirgazygynda ýaşaýan akulalar sowuk gyş aýlarynda iýmäge hiç zat galmandygy sebäpli okeanlaryň düýbünde ýatarlar.

6- Süýrenjiler – süýrenjileriň birnäçe görnüşi hem gyşky uka gidýärler, olaryň içinde iň öňe çykýany ýylandyr. Olar gyş möwsüminde topragyň aşagynda özlerine hin edinip ýatýarlar.

7- Mör-möjekler – gyşky uky käbir mör-möjeklerde hem duşýar. Garynja bularyň iň bilinýänidir. Garynjalar hakykatdan hem gyşky uka gidýärlermi ýa-da bolsa ýazda işläp ýygnan iýmitlerinimi iýýärlermi diýseler, olar bütin gyş paslynda ýatmaýarlar, diňe belli bir aralyklarda gyşky uka gidýärler.

 

Agajan MUHYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Okuw bölüminiň müdiri

 

Prokuratura Edarasyna elektron ýüz tutmak mümkinçiligi

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti