JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy täze kitabyny tamamlap gelýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ikinji mejlisini geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şu maksat bilen, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek hem-de degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak gerek.

Halk Maslahatynyň Başlygy geçirilen giňişleýin we mazmunly söhbetdeşlik üçin ýaşululara minnetdarlyk bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, bu gün çagalarymyzyň geljegi hakynda özara pikir alşyldy. Bularyň ählisi biziň aýdyň ertirlerimiziň eýesi bolan çagalar hakynda hemmetaraplaýyn aladamyzyň güwäsidir. Şu işde ýaşululara aýratyn orun degişlidir.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň Başlygy özüniň çuňňur paýhasyndan syzylyp çykan “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp kitabynyň dowamy bolan “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly täze kitabyny ýazyp tamamlap gelýändigini we onuň ýakyn günlerde giň okyjylar köpçüligine gowuşjakdygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar