SPORT

Habib ýylyň üstünlikli türgeni

ABŞ-nyň “International Business Times” neşiri tamamlanyp barýan ýylyň iň üstünlikli türgenleriniň sanawyny düzdi. Sanawda basketbolçy Lebron Jeýms birinji ýeri eýeledi. Ikinji ýeri rus MMA söweşijisi Habib Nurmagomedow eýeläp, boksçy Taýson Fury ilkinji üçlügi girmegi başardy.  Habib Nurmagomedowyň bu sanawda Russiýanyň ýeke-täk wekili bolandygyny bellemek bolar.

Bilşimiz ýaly, Habib ýylyň esasy tutluşygynda amerikaly Jastin Getžini ýeňmek bilen sport muşdaklarynyň söýgüsini gazanypdy. Sanawda birinji orunda durýan Lebron Jeýms bolsa, Amerikanyň “Time” žurnaly tarapyndan hem “Ýylyň türgeni” hasaplanypdy. Ol hem basketbol dünýäsiniň ägirdi hasaplanýar.

Bu sanawda ilkinji onlukda ýeke-täk zenan türgen bar. Ol hem soňky ýyllarda tennis dünýäsinde köp sanly iri ýaryşlarda ýeňiş gazanyp gelýän Naomi Osaka boldy.

2020-nji ýylyň iň üstünlikli türgenleriniň sanawy şeýle:

  1. Lebron Jeýms – basketbol.
  2. Habib Nurmagomedow – garyşyk söweş sungaty.
  3. Taýson Fury – boks.
  4. Rafael Nadal – tennis.
  5. Entoni Deýwis – basketbol.
  6. Lewis Hamilton – awtoulag ýaryşy.
  7. Garri Keýn – futbol.
  8. Patrik Mahomes – amerikan futboly.
  9. Naomi Osaka – tennis.
  10. Teofimo Lopez – boks.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

Ýene-de okaň

Messiniň taryhy rekordy

Eýranyň dünýä çempionatyndaky özboluşly rekordy

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy