MEDENIÝET

“Gyzyl kürte” atly film surata düşürilýär

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan “Gyzyl kürte” atly täze gysga göwrümli filmi surata düşürilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berilýär.

Bu filmde oba gyzynyň durmuşy suratlandyrylýar. Onuň gowy görýän ýigidi urşa gidýär. Ýaş ýigit geljekki gelnine tolgundyryjy hat ýazýar we şol hatynda ondan dolanyp gelýänçe kürtäni aýyrmazlygy haýyş edýär.

Irki döwürlerde türkmen gyzlary özleriniň owadan el işleri bilen tapawutlanypdyr, şolaryň hatarynda toý kürtesi hem bar. Kürte özüniň ajaýyp keşdeleri we bezegleri bilen haýran galdyrýar. Nepis kürteleriň taýýarlanmagy ejelerden gyzlara, uly gyz dogandan kiçi gyz doganlara geçip gelipdir. Köp maşgalada kürte gymmatly ýadygärlik we toý ýadygärligi hökmünde saklanýar.

– “Gyzyl kürte” filmi bilen halkymyzyň özüniniň milli däp-dessurlaryna uly ähmiýet berýändigini açyp görkezmek isleýäris. Bu filmimiz ýurdumyzyň dürli ajaýyp künjeklerinde surata düşürilýär – diýip, eseriň režissýory Sahysalyh Baýramow gürrüň berýär.

Bu filmiň görkeziliş premýerasy 2022-nji ýylyň maýynda meýilleşdirilýär. Senariýanyň awtory Öwezmyrat Berdimyradow we Atamyrat Şagulyýew.

 

Hepdelik täleýnama (31-06 ýanwar,fewral)

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Gruziýadaky Medeniýet günleri

Türkmenistanyň kitaphana ýolbaşçylary Bakuda geçirilen halkara maslahatyna gatnaşdy

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy