BIZNES

Gyýanly polimer zawodynda izobutanyň önümçiligi ýola goýlar

Balkan welaýatynda ýerleşen Gyýanly polimer zawodynda izobutan önümçiligi boýunça desga gurlar. Bu barada “tngizt.gov.tm” saýtynda habar berilýär.

Izobutan tebigy gazdan öndürilip, nebiti gaýtadan işlemekde giňden peýdalanylýar. Bu bolsa Türkmenistanda uglewodorod çig malyndan ýokary goşulan bahaly önümleriň önümçiligini giňeltmäge ýardam eder. Ýokary oktan sany mynasybetli izobutan içerki ot alyş hereketlendirijileri üçin ýangyjyň düzüm bölegi hökmünde peýdalanylýar.

Izobutanyň ýene-de bir möhüm aýratynlyklarynyň biri — ozon gatlagyny zaýalamaýar. Bu ýagdaý häzirki zaman doňduryjylary üçin hladagent hökmünde izobutanyň giňden ulanylmagyny şertlendirdi. Türkmenistanda izobutanyň önümçiliginiň ýola goýulmagy ozon gatlagyny ýumrujy himiki serişdeleri önümçilikden aýyrmak he-de olary ekologiýa taýdan arassa jisimlere çalyşmak arkaly ozon gatlagyny goramak maksady bilen işlenip düzülen Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyna Monreal protokolynyň maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzyň goşandy bolar.

Mundan başga-da, izobutan önümçiligi boýunça desganyň gurluşygy önümleriň hataryny giňeltmäge ýardam eder we Gyýanly polimer zawodynyň önümçilik kuwwatyny artdyrar. 2018-nji ýylyň oktýabrynda ulanyşa girizilen iri gazhimiýa toplumy häzirki wagtda tebigy gazdan polipropilen we polietilen öndürýär.

 

 

Uzynadada tebigy gazyň senagat akymyny alyndy

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar