BILIM

Gyrgyzystanda 12 ýyllyk bilim ulgamyna geçýär

Merkezi Aziýada ýerleşýän Gyrgyzystan 12 ýyllyk umumybilim ulgamyna geçýär. Bilim ulgamyndaky özgertmeler ýurduň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklandy. 

Bilim bermegiň bu ulgamy tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýar. Uçurymlaryň ýaşy üýtgemeýär, birinji synp taýýarlyk synplary bolar.

Ýokary synpdaky okuwçylar umumy taýýarlyk bilen bir hatarda hünärleri öwrenip başlarlar. Şeýle hem okatmagyň metodologiýasy üýtgediler we okuw meýilnamalary täzelener. Bu ugurlar dünýäniň öňdebayrjy ýurtlarynyň bilim ulgamy esasynda işlenip düzüler.

Related posts

Türkmenistan bilen Ukraina ylym, bilim we atçylyk babatda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Italiýa bilim hyzmatdaşlygyny giňeldýärler

Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Ylmy barlaglar we innowasiýalar” atly elektron žurnaly döredilýär