DÜNÝÄ

Gyrgyzystan 2025-nji ýylda 13 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Şu ýylyň dowamynda Gyrgyzystan Respublikasy diplomatik ulgamynyň geografiyasyny ep-esli giňeldip, 13 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.

Daşary işler ministrliginiň maglumatlaryna görä, munuň netijesinde Gyrgyzystan Respublikasynyň diplomatik gatnaşyk saklaýan ýurtlarynyň umumy sany BMG-niň 185 agza döwletine ýetdi.

2025-nji ýylda diplomatik gatnaşyklar aşakdaky döwletler bilen ýola goýuldy:

Gwineýa-Bisau, Botswana, Burkina-Faso, Beliz, Somali, Gonduras, Eswatini, Gabon, Papua — Täze Gwineýa, Bagam Adalary, Günorta Sudan, Tanzaniýa, San-Tome we Prinsipi.

Diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak Gyrgyzystan Respublikasynyň halkara abraýyny pugtalandyrmak, syýasy dialogy giňeltmek hem-de Afrika ýurtlary we dünýäniň beýleki sebitleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda möhüm ädim boldy.

Related posts

Özbegistan bilen Ýewropa Bileleşigi giňeldilen hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekişdi

Türkmen Lider, Özbek ve Kırgız mevkidaşları ile görüştü

vepa

Türkiýäniň Ýeňiş baýramy Türkmenistanda bellendi