DÜNÝÄ

Gyrgyz Prezidenti üçin resmi dabara

Ýurdumyza resmi sapar bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hormatly Prezidentimiz tarapyndan Garaşsyzlyk meýdançasynda resmi dabara bilen garşylandy. Bu barada Gyrgyz Prezidentiniň resmi internet saýtynda bellenilip geçilýär.

Resmi dabarada iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlandy. Soňra iki ýurduň Prezidentleri hökümet wekiliýetleri bilen tanyşdyrdy.

Soňra Prezidentleriň ulagy “Oguzhan” köşkler topluma geldi. Ulag kerweni atly esgerleriň ugratmagynda köşge geldi. Bu ýerde iki ýurduň Prezidentleriniň ýokary derejedäki gepleşikleri geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, düýn ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisine hem-de türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdy.

Türkmen-gyrgyz ykdysady forumda iki ýurduň işewürleriniň arasynda 28,5 million dollara barabar ylalaşyklar gazanyldy. Türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri gyrgyz bazaryna iberiler.

 

 

Aşgabatda türkmen-gyrgyz ykdysady forumy geçirildi

Related posts

Türkmenistan GDA-nyň daşary işler ministrleriniň mejlisine gatnaşdy

12 müň dollarlyk ýantorba aldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Täjigistanly wekiliýeti kabul etdi