JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna bellenildi

Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçirilen Milli Geňeşiň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda çykyş eden ildeşlerimiziň ählisi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy diýen belent wezipä diňe Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy mynasyp görýändiklerini belläp geçdiler. 

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, watandaşlarymyzyň göwün islegleri, haýyşlary nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda” Permana gol çekdi.

Şol resminama görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 3-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulyşy, Halkyň Arkadagy, türkmen halkynyň Milli Lideri – Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine belledi.

Bu gol ekilen möhüm resminama esasynda, uzak ýyllaryň dowamynda döwlet we jemgyýetçilik işinde işlemek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, onuň halkara abraýyny, jemgyýetimiziň bitewüligini, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde asyrlara barabar hyzmatlary bitirendigini, türkmen halkynyň beýik sylagyna, belent sarpasyna, uly hormatyna mynasyp bolan, döwrümiziň görnükli döwlet işgäri we syýasatçysy hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulyşy, Halkyň Arkadagy, türkmen halkynyň Milli Lideri – Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi.

Ýene-de okaň

Hytaýyň uniwersiteti türkmen ýaşlary üçin doktorantura kabul edişlik yglan edýär

Aşgabatda Täjigistanda geçiriljek halkara suw forumyna bagyşlanan brifing geçirildi

Çempionlar ligasynyň taryhy duşuşygy: “PSŽ” – “Bawariýa”: 5:4

Müsür Türkmenistana täze ilçi belledi

Türkmen nakyllary meşhur Barnes & Noble platformasynda neşir edildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonadaky halkara foruma gatnaşýar