JEMGYÝET

Gurbanguly Berdimuhamedow – türkmen halkynyň “Milli Lideri”

Türkmenistanyň Gahrymany, Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edildi. Şu gün paýtagtymyzda geçirilen Milli Geňeşiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynyň jemleri boýunça kabul edilen «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bolsa türkmen halkynyň Milli Lideriniň syýasy we hukuk ýagdaýyny kesgitleýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär. 

Konstitusion kanuna laýyklykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hemişelik agzasy bolup durýar. Şeýle-de Milli Lidere onuň hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerinde, maşgala agzalaryna döwlet goragy üpjün edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we onuň maşgala agzalarynyň döwlet goragy döwletiň howpsuzlyk gulluklary tarapyndan amala aşyrylar.

Related posts

“Rönesans Holding” Aşgabat üçin täze söwda merkeziniň taslamasyny taýýarlady

Ata Watan Eserleri

«Türkmengaz» bilen «Afghan Gas» tebigy gazy satyn almak babatda ähtnama gol çekdiler

BMG-niň Baş sekretary Türkmenistanda saparda bolar

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment