SPORT

Gurban Berdiýewiň topary Azerbaýjanyň güýçli toparyny ýeňdi

Mälim bolşy ýaly, ildeşimiz Gurban Berdiýew häzirki wagtda Azerbaýjanyň “Turan Towuz” toparyna tälim berýär. Bu topar Azerbaýjanyň futbol çempionatynyň 4-nji tapgyrynda ýurduň iň güýçli topary, ýagny Ýewropa ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän “Garabag” toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.

Azerbaýjanyň “Garabag” topary öňümizdäki hepde UEFa Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň jogap duşuşygynda Zagrebiň “Dinamo” toparyny kabul eder.

Azerbaýjanyň milli çempionatyna gaýdyp gelsek, “Garabag” bilen “Turan Towuz” duşuşygy “Azersun Arena” stadionynda oýnaldy. Duşuşyk 1:0 hasabynda tamamlanyp, ýeke-täk goly 18-nji minutda Otto Jon 11 metrlik jerime urgusyndan tapawutlandy.

Towuz şäheriniň “Turan” topary Azerbaýjanyň çempionatynda çykyş edýän topar. Bu topar 1994-1995-nji ýyllarda Azerbaýjanyň çempiony boldy. Geçen möwsümde çempionaty 6-njy orunda tamamlady.

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy