JEMGYÝET

Gozgalmaýan emläk boýunça onlaýn hyzmatlar

Türkmenistanyň Adalat ministrligi online hyzmatlaryny bermegi ýola goýdy. Ministrligiň web saýtynda bellenip geçilişine görä, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynyň açyldy hem-de onda Gulluk tarapyndan berilýän birnäçe hukuk hyzmatlaryny almak üçin internediň üsti bilen online görnüşde sargytlary etmek mümkinçiligiň döredildi. Täze saýt https://gozgalmayanemlakgullugy.gov.tm/ domaini bilen hereket edýär.

Habarda bellenişine görä, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň resmi internet web-saýtynda döredilen bu sanly mümkinçilikden peýdalanmak arkaly şahslar özleriniň gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryny döwlet sanawynda döwlet tarapyndan bellige aldyrmaklyk üçin Gullugyň Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda ýerleşýän ýerli edaralaryna online görnüşde nobata durup bilerler. Şeýle-de gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet sanawyndan bellige alyş işleri bilen bagly maglumatlary göçürme hem-de kepilnama görnüşde almak üçin online sargytlary edip bilerler.

Bu sanly mümkinçilikleriň döredilmegi ilki bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralaryna hukuk kömegini almak üçin gelýän şahslara berilýän hukuk hyzmatlarynyň ýokary hilini üpjün etmeklige ýardam eder.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 14508 belgili karary bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanynda Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugy döredildi. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gulluk gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy babatda döwlet dolandyryşy amala aşyrýan döwlet edarasy bolup durýar.

Online hyzmatlary almak üçin şu ýere basyň!

Online hyzmatlary almak üçin nobata ýazylmazdan öň bilmeli zatlar:

Özüňize gerekli online hyzmatynyň görnüşini saýlamaly;

Gullugyň ýerli edarasyny saýlamaly;

Online hyzmaty almak üçin özüňize amatly senäni we wagty saýlamaly;

Online hyzmatlary almak üçin zerur bolan maglumat meýdanyny doldyrmaly;

Saýlan senäňizden we wagtyňyzdan 10 minut öň gelmeli;

Online hyzmatlaryň berilmegi bilen bagly Size berilen elektron petek online hyzmatyny almak üçin Gullugyň ýerli edarasyna geleniňizde ýanyňyzda bolmaly.

 

Saýtymyzyň 1-njiligi daşary ýurt metbugatynda

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa Adaty däl lukmançylyk otagynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Türkmenistana geldi

BMG Merkezi Aziýany dünýäniň geljegi uly syýahatçylyk sebitleriniň biri diýip atlandyrdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Serhetleriň howpsuzlygy boýunça Bütindünýä kongresine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär

Si Szinpiniň ýörite wekili «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri