DÜNÝÄ

Ginnesiň rekordlar kitabyna giren toý

Dagystanyň Derbent şäherinde 16 milletiň wekilleri bolan 30 jübüt çatynja bir wagtyň özünde toý tutdy. Bu taryhy dabara 10 müňden gowrak myhman şaýat boldy.

Nikalaşanlaryň iň ýaşy 19 ýaşynda. Biri-biri bilen 60 ýyl ýaşaşan başga bir jübüt bolsa şol gün özleriniň Brilliant ýubileýini toýladylar.

Bu dabaranyň taryhy ähmiýeti onda iki sany dünýä rekordynyň goýlandygydyr. Ol iň köp milletiň wekilleriniň bir wagtda, bir ýerde nikadan geçmegi hem-de iň köp myhman gatnaşan toý hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Related posts

Wirtual aktiwlerden halkara arbitraža çenli: Türkmenistanyň maýa goýum forumy 2026 ikinji güni

Müsüriň we Moldowanyň Türkmenistandaky ilçileri wezipelerine girişdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Ýaponiýanyň ministri bilen duşuşdy