JEMGYÝET

GDA-nyň Baş arçalary: Türkmenistanyň Baş arçasy iň ulusy

Indi, birnäçe ýyldan bäri Türkmenistanyň Baş arçasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlarynyň arasynda iň ulusydyr. Paýtagtymyz Aşgabadyň “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasynda oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasynyň beýikligi 44 metre deňdir. Bu görkeziji boýunça GDA-da iň ulusydyr.

Sanawda ikinji orny Ermenistanyň Ýerewan şäheri eýeläp, bu şäherdäki arçanyň beýikligi 37 metrdir. Ilkinji üçlükde orun alan Özbegistanyň Daşkent şäherindäki arça bolup, onuň beýikligi 35 metre barabardyr.

Şeýlelikde, sanawda degişlilikde yzygiderliligi eýelän ýurtlar we esasy şäherleri: Azerbaýjanyň Baku şäheri 34 metr, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek 32 metr, Belarusyň paýtagty Minsk şäheri we Täjigistanyň paýtagty Duşanbe 30 metr, Gazagystanyň Astana şäheri 25 metr, Russiýanyň paýtagty Moskwa şäheri 25 metr, Moldowanyň paýtagty Kişinew 20 metr.

Bu Türkmenistanyň ilkinji gezek gazanan üstünligi däldir. Köp ýyldan bäri ýurdumyzyň Baş arçasy GDA-nyň iň beýigi derejesini saklap galýar. Her ýyl diýen ýäly, arçanyň beýikligi has-da belentden belende galýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär