BIZNES

«Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberini artdyrdy

2020-nji ýylyň 9 aýynda «Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan tebigy gazynyň möçberlerini 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,2 mlrd kub metre çenli artdyrdy. Muňa konserniň ýewrobondlarynyň ähtnamasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär, diýip Interfaks habar berýär. Bu habar “oilgas.gov.tm” internet saýtynda hem ýerleşdirilipdir.

Şeýle hem bellenilişi ýaly, 2020-nji ýylyň 3 çärýeginde «Gazprom» Gazagystandan satyn alýan tebigy gaz möçberlerini 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,2 mlrd kub metrden 5,1 mlrd kub metre çenli azaltdy.

2020-nji ýylyň başyndan bäri «Gazprom» Özbegistandan tebigy gazy asla satyn almady diýen ýaly. 2020-nji ýylyň 6 aýynda kompaniýa Özbegistandan asla gaz satyn almady, 2020-nji ýylyň 9 aýynda bolsa, 20 mln kub metr özbek gazyny satyn aldy. Belläp geçsek, 2019-njy ýylda «Gazprom» Özbegistandan 7,6 mlrd kub metr gaz satyn aldy.

Mundan öň, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gazyň eksportyny azaldyp, ony ilkinji nobatda, içki sarp edijileriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirmegi tabşyrdy. 2020-nji ýylyň tomsunda Mirziýoýewiň habar berşi ýaly, Özbegistan COVID-19 pandemiýasy zerarly Russiýa gazyň eksportyny bes etdi, Hytaýa ibermelerini bolsa 3 esse azaltdy.

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda 1-nji awgustdan mekdep harytlarynyň söwdasy başlar

Aşgabatda Türkmenistan-Özbegistan işewürler maslahaty geçiriler

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda “e-TIR” ulgamy boýunça ilkinji synag ýük daşamasy başlandy

Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanda täze tebigy gaz akymy alyndy