DÜNÝÄ

Gazagystanyň Prezidenti “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglandy

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça köp sanly ylalaşyklara gol çekildi. Iki ýurduň Prezidenleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, sebit hyzmatdaşlygy – Gazagystanyň Mangistau welaýaty bilen Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň arasynda serhetýaka söwda boýunça  ýük awtoulag terminally ýörite zolagyň döreidlmegi teklip edildi.

Umuman, örän netijeli geçen ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleriniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini  Türkmenistanyň “Bitaraplyk” ordeni bilen sylaglady.

Bu ýokary döwlet sylagy üçin minnetdarlyk bildiren Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini öňümizdäki ýyl Gazagystana döwlet sapary bilen çagyrdy.

Bular barada Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz özüniň gazak kärdeşine iki ýurduň dost-doganlygynyň nyşany hökmünde Ganatly atly ajaýyp ahalteke bedewini sowgat beripdi.

 

Türkmenistan-Gazagystan: resminamalaryň uly bukjasyna gol çekildi

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy