JEMGYÝET

Gazagystanda “Merkezi Aziýa-Germaniýa” sammiti geçiriler

Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols Özbegistanda we Gazagystanda saparda bolar. Bu barada Germaniýanyň Federal hökümetiniň resmi saýty habar berýär.

Olaf Şols 15-17-nji sentýabr aralygynda Merkezi Aziýa ilkinji saparyny amala aşyrar. Germaniýanyň Kanseleri bu saparyň çäklerinde Özbegistanyň we Gazagystanyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirer.

17-nji sentýabrda bolsa, Olaf Şols “Merkezi Aziýa-Germaniýa” sammite gatnaşar. Sammit Gazagystanda geçiriler. Bu şeýle formatdaky ikinji sammit bolup, onuň birinjisi geçen ýyl Berlin şäherinde geçirilipdi. Şonda strategik sebitleýin hyzmatdaşlyk başlangyjy kabul edilipdi.

Germaniýanyň Federal hökümetiniň habar bermegine görä, bu sapary sebitleýin başlangyja täze itergi berer. Kansler Olaf Şolsa bu saparynda ykdysadyýet ugruna hem degişli bolan uly wekilçilikli topar ýoldaşlyk eder.

Related posts

“Ata Watan Media” topary BMG-niň Awaza forumyny gyzgyny bilen okyjylara ýetirdi

Türkmenistanyň Prezidenti harby mekdebiň täze binalar toplumyny açdy

Ata Watan Eserleri

“Gazprom” türkmen gazyna gyzyklanýar

vepa