JEMGYÝET

Garaşsyzlyk baýramy: asmandaky öwüşginli pursatlar

27-nji sentýabryň agşamyn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygynyň hormatyna dabaralar paýtagtymyzyň günorta böleginde — Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada konsert bilen dowam etdi.

Bu ýerde, ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň merkezi meýdançalarynda bolşy ýaly, ählihalk baýramy gününde ajaýyp aýdym-sazlar ýaňlandy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli dabaralar lazer şüweleňi hem-de täze taryhy eýýamyň baýramçylyklarynyň aýrylmaz nyşanyna öwrülen owadan feýerwerkler bilen tamamlandy.

Bu ýerde lazer şüweleňi bilen Döwlet münberiniň asman giňişliginde “Türkmenistan” ýazgysy, Garaşsyzlyk binasynyň, ahalteke bedewiniň, türkmen alabaýynyň, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny 30 ýyllygyny alamatlandyrýan “30” ýazgy, düýeli kerwen ýoly ýaly ajaýyp pursatlar emele geldi.

Lazer şüweleňi “Arkadag şöhrat” ýazgysy bilen tamamlandy we soňra asmana atylan feýerwerkler Garaşsyzlyk baýramynyň dabarasyny has-da belende galdyrdy.

 

Garaşsyzlyk baýramy: ýurdumyzyň pudaklarynyň dabaraly ýörişinden suratlar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär

Türkmen atşynaslary «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ada eýe boldular

Haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde Arkadag şäherinde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdep döwrebaplaşdyrylýar

Derýa Soýsal: “Makul iňlisçe we türkmençe” nakyllar kitaby medeni hyzmatdaşlygyň köprüsi

26-njy mart -Aral deňziniň, Amyderýanyň we Syrderýanyň halkara güni hökmünde kesgitlendi

Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi