MEDENIÝET

«Galkynyş» topary daşoguzlylara şatlyk paýlady

Daşoguz şäheriniň gözelligine gözellik goşup oturan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň 3 müň orunlyk tomaşalar zalynda üç günläp at üstündäki haýran galdyryjy oýunlar, sirk ussatlarynyň çykyşlary boldy. Ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň bilelikdäki toparynyň welaýatlar boýunça döredijilik sapary 7 — 9-njy aprel günlerinde Daşoguz welaýatynda dowam etdi.

Ussatlar toparynyň türgenleriniň, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 2-nji ýyl talyplary Halap Baýrammyradowdyr Atamyrat Göläýewiň ilki bir atyň, soňra deňe-deň çapyp barýan iki atyň üstünde dik durup, dürli inçe tilsimleri ýerine ýetirmegi dabara gatnaşanlara üýtgeşik täsir etdi. Sahnada bedewleriň görkezen oýunlary, saza goşup tans etmegi, çarpaýa galyp ýöremegi hem örän täsirli boldy.

— Döredijilik saparymyz örän şowly, gyzykly geçdi — diýip, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi, toparyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýew aýdýar. — Toparymyzyň sirk sungatynyň ussatlarynyň çykyşlary her gün iki gezek görkezildi. Çykyşlardan tomaşaçylaryň hoşallygy bizi çäksiz begendirýär. Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň akrobatlary, sirk artistleri öz ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny uly höwes bilen köpçülige ýaýdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi