JEMGYÝET

<>bir asyr soňra şöhle saçdy

Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde «Gadagan şäher» atly ýadygärlikler toplumynyň bardygyny köpiňiz bilýänsiňiz. Hytaý imperiýasy döwründe onlarça gektary eýeleýän şäherde Imperatorlaryň telim nesli ýaşapdyr. Häzir ol muzeý hökmünde dünýäniň çar künjünden gelen syýahatçylaryň iň kän isleg bildirýän ýerleriniň biri.

Mundan bir asyr ozal Pekindäki yşyk festiwallary «Gadagan şäherde» geçirilýärdi. Soňra ol yzda galan 94 ýylyň dowamynda şäheriň beýleki künjeklerinde geçirildi. Şu ýyl bolsa yşyk festiwaly ýene-de gadymy mekanyna dolanyp geldi. Ozalyndan hem çaklanylyşy ýaly, diňe şu festiwala şaýat bolmak üçin daşary ýurtlardan Pekine syýahatçylaryň müňlerçesi geldi.

Related posts

Iň uly 3D çap ediji

vepa

Genişletilmiş Bakanlar Kurulu: 2019-2025 Kalkınma Programı kabul edildi

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti: 37 milliardlyk maýa goýum göz öňünde tutuldy