SPORT

Futbol boýunça dünýä çempionatyny iki ýyldan bir gezek geçirmek teklip edildi

Futbol boýunça dünýä çempionatyny iki ýyldan bir gezek geçirmek teklip edildi.

Bu teklip Saud Arabystanyň Futbol federasiýasy (SAFF) tarapyndan öňe sürüldi we ol FIFA agza federasiýalaryň 166-sy tarapyndan goldanyldy. 21 agza bolsa ses bermekden çekildi.

Indi FIFA teklibiň tehniki we ykdysady taýdan nähili mümkin boljakdygyny seljerer.

Ýeri gelende aýtsak, FIFA-nyň häzirki düzgünnamasyna görä, dünýä çempionaty her dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Nobatdaky çempionat 2022-nji ýylda Katarda geçiriler.

 

Ýewropa futbolynyň koronawirus zerarly zyýany

 

 

Related posts

Powetkin bu gezek ýeňildi

Mesut Özil “Fenerbahçe” toparyna geçdi

Messi: Azerbaýjanyň medeniýeti bilen tanşandygyma şatdyryn