DÜNÝÄ

“Forbes” ýylyň zenanyny saýlady

«Forbes» Žurnalyna görä, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel tamamlanyp barýan ýylda dünýäniň iň başarjaň zenanydyr. Ýeri gelende aýtsak, neşir ýylyň başarjaň zenanlarynyň 100-sinden düzülen  sanawyny yglan etdi.

Sanawyň ikinji ornunda Ýewropanyň Merkezi bankynyň prezidenti Kristina Lagard bar. Ol bu banka ýolbaçy bolan ilkinji zenan maşgaladyr. K.Lagard mundan ozal sekiz ýylyň dowamynda Halkara walýuta fondunyň ýolbaşçysy wezipesinde işläpdi.

Ýeri gelende aýtsak, ilkinji 100-lüge girýän zenanlaryň 31-si biznes, 17-si tehnologiýa, 12-si maliýe, 14-si medeni ugurlar, 22-si syýasat, 4-si adamlara ýardam bermek boýunça iş alyp barýar.

Sanawa girizilen zenanlar 32 döwlete wekilçilik edýär. Olaryň iň ýaşy ýakynda «TIME» Žurnaly tarapyndan «Ýylyň adamy» diýlip saýlanylan Greta Týunbergdir. Onuň ady sanawyň 100-nji basgançagynda görkezildi. Bu sanawyň iň ýaşuly wekili ― Beýik Britaniýanyň şazenany Ýelizawetta II 40-njy orny eýeleýär.
Agzalan sanawyň ilkinji onlugynda Angela Merkel bilen Kristina Lagarddan başga-da, ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň başlygy Nensi Pelosi, ÝB-niň prezidenti Ursula won der Lin, «General Motors» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Meri Barra, «Bill and Melinda Gates Foundation» haýyr-sahawat gaznasynyň esaslandyryjylarynyň biri Melinda Geýts, amerikaly milliarder Ebigel Jonson, ispaniýaly bankçy Ana Botin, amerikaly işewür Jinni Rometti we «Lockheed Martin» korporasiýasynyň prezidenti Merilin Hýuson bar.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy