JEMGYÝET

Finlandiýa hokkeý boýunça dünýa çempiony

Slowakiýada hokkeý boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Çempionlyk ugrundaky aýgytly duşuşyk Finlandiýanyň we Kanadanyň milli ýygyndylarynyň arasynda boldy. Duşuşyk 3:1 hasabynda fin hokkeýçileriniň ýeňşi bilen tamamlandy. Şeýlelikde, Finlandiýanyň ýygyndysy taryhda üçünji gezek (1995, 2011 we 2019-njy ýyllar) dünýä çempiony bolmagy başardylar.

Üçünji orun ugrundaky duşuşyk Russiýanyň we Çehiýanyň ýygyndylarynyň arasynda geçirildi. Duşuşyk rus hokkeýçileriniň goşmaça wagtda gazanan ýeňşi bilen tamamlandy.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda üstünlikli çykyş edýän türkmen hokkeýçileri şu ýyldan başlap, dünýä çempionatynyň üçünji dwizionyna gatnaşýar. Olar geljekki ýyllarda has netijeli oýny bilen ýokarky dwizionlara çykmaga hukuk gazanyp bilerler.

 

Related posts

“EKSPO-2023 Doha”: 9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Milli güni geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti: Demirgazyk–Günorta ulag geçelgesi örän möhüm ähmiýete eýedir

Ermenistan Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

vepa