SIZDEN GELENLER

Eziz Watan – bagta barýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Bedew» atly şygrynda:

Guwanjymyz, şöhratymyz, şanymyz —

Watandyr gursakda şirin janymyz —

diýip, mähriban Diýarymyzy söýmegiň beýik nusgasyny görkezýär. Mähriban Arkadagymyzyň wasp edişi ýaly, Watan — şirin janymyz, damarlarda aýlanýan ganymyz, şolar bilen gürsüldeýär ýürek owazymyz. Ol şirin owaz ömrümize ömür goşýar, ýolumyzy nurlandyrýar, bizi belentlikden-belentlige alyp barýar. Eziz Watanymyz — dilde dessanymyz. Mähriban Diýarymyz hiç haçan soňlanmajak baky ýürek aýdymymyz. Ol aýdym bize ýaşamaga hem-de gurmaga kömek edýär.

Ynsana dostluk ýaly ylham berýän, dostluk ýaly kömek edýän ikinji bir zady bilmeýäris. Biziň mähriban ýurdumyzda dostlukly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Dost-doganlykda, agzybirlikde, asudalykda, parahatçylykda ýaşamak we döretmek uly bagt. Ata-babalarymyzyň «Özüňi süýt bilgin, dostuňy — gaýmak» diýen pähimi dostluga nähili garamalydygyny öwredýär. Dünýä pelsepesi we dünýä syýasaty, esasan, ine, şu pikire gulluk edýär. Dost-doganlyk bagtdyr. Ol bagtymyza nur, ömrümize rowaçlyk, röwşenlik çaýýar. Sözüň doly manysynda Türkmenistan Watanymyz dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň, hoşniýetli gatnaşyklaryň ýurdudyr.

Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz — goşa ganatymyz. Olaryň üsti bilen biziň sesimiz we sözümiz dünýäniň çar künjegine ýetýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şu ýyl ýurdumyz dünýä bileleşigi bilen bilelikde, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny giňden belleýär. Bu, hakykatdan-da, wajyp senedir, türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň taryhynda ähmiýetli wakadyr. Şol bir wagtyň özünde bu sene çärýek asyryň dowamynda geçilen ýola ser salmak, onuň netijelerini jemlemek hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmündäki häzirki ösüşine baha bermek üçin ähmiýetli delil bolup durýar. Mähriban Arkadagymyzyň sözleri bilen aýtsak, Türkmenistanyň Bitaraplygy häzirki döwrüň hakykaty we biziň geljegimizdir.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp şu ýylyň 14-nji ýanwarynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň jemleýji namasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde kabul edildi. Munuň özi hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda milli Liderimiziň alyp barýan hoşniýetli, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ýene bir üstünligidir.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýene bir şatlykly, şanly taryhy wakanyň şaýady bolduk. Şu ýylyň 14-nji martynda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021—2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasynyň» tanyşdyrylyş hem-de kabul ediş dabarasy boldy. Çarçuwaly maksatnamany amala aşyrmaga BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň köp sanlysy gatnaşar. Munuň özi Türkmenistanyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmeginiň hem-de öňdebaryjy tejribäni we halkara hyzmatdaşlygynyň maksatnamalaryny peýdalanmak arkaly umumy wezipeleri çözmäge köptaraplaýyn çemeleşmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu maksatnama BMG-niň ulgamynyň Türkmenistanyň Hökümeti bilen 2025-nji ýyla çenli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýär.

Ýurdumyz bilen BMG-niň ýöriteleşdirilen iri edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösýär. Şol edaralaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy hem bar. Halkymyzyň maddy we maddy däl medeni mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şol miras bolsa dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Munuň özi ynsanperwer ulgamda netijeli halkara gatnaşyklary ösdürmek, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ýagşy niýetler — ýagşy işlere gönezlik. Mähriban Arkadagymyz üçünji müňýyllykda dünýä döwletleriniň hem-de olaryň halklarynyň arasynda dost-doganlyk köprülerini gurup, hoşniýetli gatnaşyklara giň ýol açýar. Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasyna ýugrulan hemişelik Bitaraplyk daşary syýasatynyň esasy düzümleri parahatçylyk, gülläp ösüş, dünýä döwletleriniň arasynda söwdany we dostlukly gatnaşyklary ösdürmek bolup durýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda parahatçylyk söýüji, hoşniýetli we ynsanperwer ýörelgelere eýerýän, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýy has-da ýokarlanýar. Ýurt Baştutanymyz Ýer ýüzüniň halklarynyň dost-doganlyga, abadançylyga, parahatçylyga ymtylýan döwründe diňe milli bähbidimize däl, eýsem, halkara bileleşiginiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýän giň hyzmatdaşlyk syýasatyny ýöredýär. Dünýäniň ösüşiniň täze sepgitlerini, milli we umumadamzat bähbitlerini nazara alyp, abraýly halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany kabul etdi.

Mähriban Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, türkmen Bitaraplygy — bu parahatçylygyň ýoludyr, biziň planetamyzyň ähli halklarynyň dostluk we doganlyk ýoludyr. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, taryh üçin gysga döwrüň üçinde dünýä döwletleri bilen dostluk we hyzmatdaşlyk üçin açyk bolan Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini tassyklady. Ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkitdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim, ulag, aragatnaşyk we energetika ýaly ugurlarda iri taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine hem işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli pähim-paýhasy bilen ýokary derejede geçen birinji Hazar ykdysady forumy muny doly tassyklap, ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Onuň jemleri boýunça kabul edilen jemleýji Beýannama BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edildi.

Ine, biziň şeýle mähriban Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz bar. Watana söýgi — mukaddes aýdym. Ol ýüreklerimiziň bossany, kalbymyzyň dessany. Bu aýdym nesilden-nesle, asyrdan-asyra geçip, dünýäde baky ýaňlanyp durar. Watana söýgi düýne sylag-hormatdan, şu güne söýgüden, ertire ynamdan başlanýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýýär. Mähriban Arkadagymyz täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüler gurduryp, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan halkara bileleşiginde öz mynasyp ornuny eýelemek bilen, dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeldip we oňyn başlangyçlary öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde uly abraýa we hormata eýe bolýar.

Goý, ýurdumyzy şeýle at-abraýa eýe edip, ony ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Allanazar NAZAROW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we

 ösüş uniwersitetiniň talyby.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika