BIZNES

Eýran Täjigistana çig nebit iberilip biler

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahman ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň çäklerinde Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça pikir alşyldy we Emomali Rahmon Eýranyň Prezidentini özüne amatly wagtda Täjigistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Şeýle hem Täjigistanyň energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma bilen Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabodiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyk Tähranda bolup geçdi.

Taraplar Täjigistan Respublikasynyň suw we howanyň üýtgemegi boýunça halkara başlangyçlary, Rogun gidroelektrik stansiýasynyň sebit üçin ähmiýeti, “Täjigistan Respublikasynyň Merkezi Aziýanyň bitewi energiýa ulgamy bilen birleşmegi” taslamasy barada pikir alyşdylar.

Şeýle hem Täjigistan Respublikasynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary üçin çig nebiti daşamak boýunça babatda hem gepleşikler geçirildi.

Ýurtlaryň arasyndaky söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň işewürler toparynyň Beýik Britaniýa saparynyň birinji güni

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň kompaniýalary “Agro Pack Turkmenistan-2026” halkara sergisine gatnaşdylar

«Türkmennebit» we «Petronas» täze maýa goýum taslamalary boýunça Teswirnama gol çekdiler

Aşgabatda Türkmenistan bilen “Petronas” kompaniýasynyň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Waşingtonda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy boýunça assosiasiýasy döredildi

Türkmenistanda düýe ýüňünden we geçi çöpürinden ýüň ýüplük öndüriler