BIZNES

«Ýere maýa goýmak: açylýan mümkinçilikler»

2019-njy ýylyň 9-njy sentýabrynda Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde «Ýere maýa goýmak: açylýan mümkinçilikler» şygary astynda BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň Gatnaşyjylarynyň Maslahatynyň XIV sessiýasynyň çäklerinde Ministrler derejesindäki duşuşyk öz işine başlady.

Maslahatyň açylyş dabarasynda Hindistanyň Premýer-Ministri Narendra Modi we BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary hanym Amina Mohammed oňa gatnaşyjylary mähirli gutladylar we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda çölleşmäge garşy göreşmek boýunça işleriň geçirilmeginiň aýratyn wajyplygyny belläp geçdiler. Maslahatyň işine dünýäniň 160 ýurdundan 8 müňden gowrak wekil gatnaşýar.

Maslahatyň işine gatnaşmak üçin Nýu-Deli şäherine Türkmenistanyň wekiliýeti hem bardy. Türkmenistanyň wekili çölleşmäge we ýerleriň ýaramazlaşmagyna garşy göreşmekde ýurdumyzyň ýeten derejeleri barada çykyş etdi.

Gatnaşyjylara şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen «Rio+20» sammitiniň barşynda öňe süren Aral basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasynyň döredilmegi hakyndaky başlangyjy görkezildi. Çykyşyň barşynda AHHG-na başlyklyk ediji ýurt hökmünde Aral deňziniň basseýninde ekologiki we durmuş-ykdysady şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän tagallalar aýratyn bellenilip geçildi.

Related posts

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Dohada Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşdy

Türkmenistan 2020’de elektrik ihracatını 6,9 milyara çıkarmak istiyor

vepa