DÜNÝÄ

Energetika babatda türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow Energetika babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisini geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, toparyň şu ýylyň aprelinde Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisiniň işine türkmen tarapyndan Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň, “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Related posts

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Ýörite wekili bilen duşuşdy

Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-nji sammiti Gazagystanda geçiriler

Günorta Koreýada geçiriljek prezident saýlawlaryna 7 dalaşgär gatnaşýar